• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Fýodor Ýemelýanenko finalda

Garyşyk söweş sungatlarynyň ägirtlerinden diýlip görkezilýän russiýaly Fýodor Ýemelýanenko ABŞ-nyň Nýu Ýork şäheriniň golaýyndaky “Nassau Neterans Memorial Coliseum” arenasynda amerikaly Çeýl Sonnen bilen tutluşyk geçirdi. Russiýaly türgen “Bellatur” ýaryşynyň agyr agramdaky ýarym finaly bolan bu duşuşygyň eýýäm 1-nji raundy tamamlanmanka, ýeňşini baýram etdi. 42 ýaşly Ýemelýanenko 4 minut 46 sekuntda garşydaşyny tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy. Bu onuň 44-nji duşuşygyndaky 38- nji ýeňşi, 12-nji nokauty diýlip hasaba alyndy. Ýemelýanenko finalda amerikaly Raýan Bader bilen tutluşar. Bader ýarym finalda watandaşy Mett Mitrioneden üstün çykypdy. Ýemelýanenko bilen Baderiň arasyndaky final tutluşygy dekabr aýynda geçiriler