• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

IŇ KIÇIJIK ŞÄHER

 

Dün­ýä döw­let­le­ri, şäherleri eýeleýän meýdany, ilaty boýunça biri-birinden ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Şeý­le täsin geografiki ýerleriň biri hem Hor­wa­ti­ýa döw­le­tin­de ýer­leş­ýär. Gin­ne­siň re­kordlar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len, Hum diýlip atlandyrylan dünýäniň iň kiçi şäheri deňiz derejesinden 349 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Bu ýer­de il­kin­ji ýa­şaýyş jaý­la­ry XI asyr­da bi­na edil­ýär. Şä­he­riň esas­lan­dy­ry­lan wag­tyn­da onuň ila­ty 450 adam bo­lup­dyr. Hä­zir­ki gün­de bol­sa şä­her­de 13 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy bo­lup, 17 adam ýa­şaýar. Ga­la gör­nü­şin­de bi­na edi­len şä­her­de sa­gat di­ňi, gi­riş derwezesi we diwarlar häzirki güne çenli saklanyp galan ýa­dy­gär­lik­ler­dir. Az ilat­ly ki­çi şä­her­de ba­ry-ýo­gy iki sa­ny kö­çe, bir dü­kan bar. Bu ýer sy­ýa­hat­çy­la­ryň ar­zy­ly kün­je­gi hök­mün­de Ýew­ro­pa­nyň iň ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.