• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Agyr atletika boýunça ilkinji ýaryşlar

lkinji Dünýä çempionaty 1891-nji ýylyň 28-nji martynda, ýagny 1 günde geçirilýär. Oňa 6 ýurtdan 7 türgen gatnaşýar. Şol döwürler belli bir agramlyk bolman, iň ýokary netije görkezen türgen britaniýaly Edward Lawrens Lewi bolýar. Onuň näçeräk göterendigi barada taryhy çeşmelerde duş gelinmese- de, ol agyr atletika boýunça geçirilen çempionatyň ilkinji çempiony diýen ady eýeleýär. Soňlugy bilen, žurnalist bolup işlän Lawrens Lewi 1891–94-nji ýyllar aralygynda 14 gezek rekord goýýar. Bir günde tamamlanan ilkinji çempionatda 2-nji ýeri italiýaly Jiakomo Zafarana, 3-nji orny- da belgiýaly Artur Fransua eýeleýär. 2-nji Dünýä çempionaty üçin 7 ýyl garaşylyp, ol 1898-nji ýylyň 31-nji iýuly – 1-nji awgusty aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilýär. Oňa 3 ýurtdan 11 türgen gatnaşýar. 1–2-nji ýerleri awstriýalylar degişlilikde, Wilhelm Türk bilen Eduard Binder eýeleýär. 3-nji orna- da Rus Imperiýasynyň köpugurly türgeni Georg Hakenşmidt mynasyp bolýar. 3-nji çempionat 1899-njy ýylda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilip, 4-5-nji apreldäki bu ýaryşda 3 ýurtdan 5 türgen çykyş edýär. 1–2–3-nji ýerleri Sergeý Ýeliseýew (Russiýa Imperiýasy), Ýohannes Rödl (Germaniýa) hem-de Enriko Skuri (Italiýa) dagylar paýlaşýar. 4-nji çempionat 4 ýyldan soň, Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýär. 5 ýurtdan 18 türgeniň gatnaşan ýaryşynda şweýsariýaly Fransua Lanku ýeňiji bolýar. 1904-nji ýylda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilip, 1 günde (18-nji aprelde) tamamlanan ýaryşda 4 ýurtdan 13 ştangaçy çykyş edýär. Baýrakly orunlaryň ählisini- de awstriýaly türgenler gazanyp, 1-nji orny Ýosef Steinbah eýeleýär. Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty 1905-nji ýylda 3 gezek geçirilýär. Ýagny 6–7–8-nji Dünýä çempionatlary degişlilikde, Germaniýanyň Berlin (8–10-njy aprel) we Duisburg (11–13-nji iýun) hem-de Fransiýanyň Pariž (16–30-njy dekabr) şäherlerinde guralýar. 6-njy çempionatdan soň, türgenler öz agram derejelerinde çykyş edip başlaýarlar. Berlindäki çempionata 4 ýurtdan 41, Duisburgdaky ýaryşa- da 2 ýurtdan 7 türgen gatnaşýar. Olaryň ikisinde- de 80 kilogramdan ýokary agram derejesindäki altyn medallary awstriýaly Ýosef Steinbah boýnuna dakyp, bassyr 3 gezek Dünýäniň çempiony bolan ilkinji ştangaçy adyny alýar. 1905-nji ýylyň ahyrlarynda geçirilen 8-nji çempionatda diňe fransuz agyr atletikaçylar çykyş edýär. 1905-nji ýylda Halkara agyr atletika federasiýasynyň döredilmeginden soň, Dünýä çempionatlaryna gatnaşýan türgenleriň sany artyp başlaýar. 1906-njy ýylda Lillede (Fransiýa), 1907-nji ýylda Frankfurtda (Germaniýa), 1908-nji we 1909-njy ýyllarda Wenada guralýar. 1910-njy ýylda 2 çempionat guralyp, olaryň 1-njisi Düsseldorf, 2-njisi ýene- de Wenada geçirilýär. 1911-nji ýylda 4 çempionat geçirilip, 3-sini Germaniýanyň şäherleri (Ştutgart, Berlin, Drezden), beýlekisini- de Wena özünde kabul edýär. Şol çempionatlaryň 5-sinde 80 kg agramdan ýokary derejede çykyş eden Ýosef Grafl altyn medal gazanýar. Ol yzly- yzyna 5 gezek Dünýä çempionlygyny gazanan ilkinji ştangaçy bolýar. 17-nji Dünýä çempionaty häzirki Wroslawda (şol wagtlar Breslaw bolup, Germaniýanyň düzümindedi) geçirilip, oňa 4 ýurtdan 40 adam gatnaşýar. Altyn medallaryň 3-sini awstriýaly türgenler gazanýar. Ýosef Grafl 3 ýaryşdan soň, ýene- de altyn medal gazanyp, olaryň sanyny 6-a çykarýar. Mundan soň, çempionat birinji Jahan urşy sebäpli 7 ýyllap geçirilmeýär. 7 ýyllyk arakesmeden soň, nobatdaky çempionaty ýene- de Wena şäheri kabul edýär. Öňkülerden üýtgeşiklikde agram derejeleriniň sanyna ýene biri goşulyp, 5-e ýetirilýär. 74 türgeniň gatnaşan çempionatynda nemesler 4 altyn medal gazanýar. 1922-nji ýylda Tallinde, 1923-nji ýylda- da ýene Wenada geçirilen çempionatlarda ýer eýeleri, degişlilikde estoniýaly we awstriýaly türgenler medallar toplumynyň 11-sini alýarlar. Ýewropadaky maliýe ýetmezçiligi sebäpli çempionat 1937-nji ýyla çenli geçirilmeýär. 14 ýyldan soň, 1937-nji we 1938-nji ýyllarda ilki Parižde, soňra Wenada geçirilýär we gatnaşýan ýurtlaryň sany 10-dan geçip başlaýar. Çempionata ýene- de arakesme berlip, ol ikinji Jahan urşy zerarly 12 ýyllap guralmaýar. 1946-njy ýylda 25-nji çempionat Parižde geçirlip, 13 ýurtdan 79 türgen çykyş edýär. Bir ýyl soňam çempionat ilkinji ýola Ýewropa yklymyndan daşaryda, ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde guralýar. 6 ugurdan altyn medallaryň ählisini- de amerikaly ştangaçylar gazanýar. Çempionat 1949-njy ýylda Gollandiýanyň Şeweningen, 1950-nji ýylda Fransiýanyň Pariž, 1951-nji ýylda Italiýanyň Milan, 1953-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherlerinde guralýar. Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň 31-njisi Wenada geçirilip, oňa 23 döwletden 100 türgen gatnaşýar. Şeýlelikde, ilkinji gezek türgenleriň sany 100-den köp bolýar. 1955-nji ýylda Münhende geçen çempionatdan soň, ýaryş 1957-nji ýylda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilýär. Bu bolsa, çempionatyň 3-nji bir yklymda geçirilýändigidir. Aglaba güýz aýlarynda geçirilýän çempionatyň ýene bir aýratynlygy Olimpiýa oýunlarynyň bolan ýyllarynda Dünýä birinjiliginiň geçirilmeýänligidir. (Dowamy bar)