• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GÜLLER SEÝILGÄHI

 

Dün­ýä döw­letlerinde biri-birinden täsin se­ýil­gäh­le­riň bir­nä­çe­si bar. Ola­ryň bi­ri hem Ýa­po­niýada ýerleşýän «Asikaga» gül­ler se­ýil­gä­hi­dir. Hond­ýu adasynda döredilen bu täsin se­ýil­gäh 8,2 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýär. Aja­ýyp se­ýil­gä­hiň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy dür­li gör­nüş­li gül­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän­li­gin­de­dir. Se­ýil­gäh­de suw­da ýe­tiş­ýän gül­le­ri hem syn­la­mak bol­ýar. Köp­le­riň hö­wes bi­len gelýän ýerleriniň biri bolan bu ýerde güller bilen örtülen ge­çel­ge­ler hem dö­re­di­lip­dir. Ola­ra «Şat­ly­gyň ýol­la­ry» di­ýip at ber­ýär­ler. Ýer­li ilat ta­ra­pyn­dan bu ge­çel­ge­ler­den geç­mek dä­be öw­rü­lip­dir. Se­ýil­gä­hiň gö­zel gör­ke gir­ýän esa­sy wag­ty maý aýy ha­sap­la­nyl­ýar. Aja­ýyp gül­le­riň ysy bark ur­ýan seýil­gäh sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär