• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hemilton Kanadanyň Gran-pri baýragyny Muhammed Ala bagyşlady

Lýuis Hemilton Kanadanyň Gran-pri baýragyny eýeledi. Formula-1 ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň 7-nji etapynda «Mercedes» toparynyň britaniýaly piloty birinji bolup finişden geçdi. Ol toparynda çykyş edýän ýoldaşy umumy ýaryşda liderlik edýän nemes piloty Niko Rosberg bilen arasyndaky utugyny (oçko) 9 çenli azaltdy.

Hemilton öz ýeňişini golaýda aradan çykan Muhammed Ala bagyşlady. Finişi geçeninden soň «Kebelek ýaly uç, ary ýaly çak» diýip legendar boksýoryň dewizini gygyrdy. Bolidden cykyp bolsa, boksýorlaryň durşy ýaly durdy.

Ikinji bolup «Ferraride» çykyş edýän nemes Sebastiýan Fettel, üçünji bolup bolsa, Walterri Bottas geldi.

«Toro Rosso» toparyndan Russiýaly Daniil Kwýat bosa 12-nji geldi, umumy sanawda ol 10-njy ýeri eýeleýär.

Ýaryşyň indiki etapy — Ýewropanyň Gran-prisi Bakuda 17-19-njy iýun aralgynda geçer. «Formula-1» ýaryşy Azerbaýjan döwletiniň territoriýasynda ilkinji sapar geçirilýär.