• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ilkinji ýapon tennisçisi

 

Möwsümiň iň soňky (4-nji) “Uly tuwulga” tennis bäsleşigi “Amerika Açykda” zenanlaryň arasynda garaşylmadyk tennisçi çempionlyk gazandy. Nýu Ýorkdaky Arthur Ashe tennis kortunda oýnalan finalda WTA-nyň sanawynyň 17-njisi amerikaly Serena Williams bilen 20-njisi, ýaponiýaly Naomi Osaka duşuşdy. 1 sagat 19 minutlap dowam eden duşuşyk diýseň dartgynly geçdi. Aýratynam, Serenanyň eminler bilen käbir meselede düşünişmezligi finalyň esasy wakasyna öwrüldi. Oýnuň 1-nji setinde Osaka 6:2 hasaby bilen üstün çykdy. 2-nji setde-de Osaka güýçli garşydaşyny 6:4 hasaby bilen ýeňip, taryhy ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, 20 ýaşyndaky Osaka “Uly tuwulgalarda” çempionlyk gazanan ilkinji ýapon tennisçisi bolmagy başardy. Duşuşykdan soň, Osaka: — Hemmäniň Serena goldaw berenini bilýärin. Oýnuň şeýle ýagdaýda tamamlanmagy meni azda-kände gynandyrdy. Hemmä duşuşyga tomaşa edeni üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýere gelip meniň oýnuma tomaşa edeni üçin ejeme-de köp sagbolsun aýdýaryn. “Amerika Açygyň” finalynda Serena Williams bilen duşuşmak meniň çagalyk arzuwymdy. Serena-da öz minnetdarlygymy bildirýärin — diýip, begenç gözýaşlary bilen karýerasyndaky iň uly kubogyny asmana göterdi. Osaka ýeňşi üçin pul sylagy hökmünde 3,8 million dollar berildi. Osakany ýeňşi bilen gutlan 23 “Uly tuwulganyň” eýesi, 36 ýaşyndaky Serena Williams 2001-nji we 2011- nji ýyllarda-da “Amerika Açygyň” finalynda utulypdy