• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Halkyň 60 göterimi sport bilen meşgullanýar

Soňky 13 ýylyň dowamynda Russiýanyň ilatynyň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany 2 esse köpelip, 38 göterimden 60 göterime ýetdi. Ilatyň ondan biri hepdede bir gezek, dörtden biri hepdede birnäçe gezek, altydan biri her gün sport bilen meşgullanýar. Bu maglumatlar Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenýän ählirus merkezi tarapyndan jemlendi. 2006-njy ýylda sport bilen gyzyklanýanlaryň sany 38 göterime deňdi. Merkeziň jemlän maglumatyna görä, ilatyň 17 göterimi her gün, 22 göterimi hepdede birnäçe gezek, 10 göterimi hepdede bir gezek, 5 göterimi aýda birnäçe gezek we 6 göterimi ýylda birnäçe gezek sport bilen meşgullanýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine uýýanlar 18-24 ýaş we 60 ýaşdan ýokarylardyr. Birinji toparyň 23 göterimi, ikinji toparyň 21 göterimi her gün sport maşklaryny ýerine ýetirýär. Rus raýatlary, esasan hem sport maşklary hökmünde ylgamak, ýeňil atletika we sport ýöreýşini saýlap alýarlar.