• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýokary tizlikli polat ýollarynyň 66 göterimi Hytaýda

Hytaýdaky ýokary tizlikli otly ýollarynyň uzynlygy 25 müň kilometre ýetdi. Olaryň ählisiniň soňky on ýylda gurlandygy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji dünýä ýurtlaryndaky ýollaryň 66 göterimini emele getirýär. Bu ýollardan her ýylda 1 milliarddan gowrak ýolagçy gatnaýar. Ýurtdaky ýokary tizlikli otlular beýleki döwletlerdäkiler bilen deň ýa-da has ýokary. Sagatda ortaça 300 km tizlik bilen hereket edýän otlular Pekin bilen Týianszin şäherleriniň arasyndaky 120 km ýoly 35 minutda geçýär. Onuň tizligi kä ýerlerde 348 km/s-a çenli ýetýär. 2008-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylan bu ugur ýurtdaky ilkinji ýokary tizlikli otly ýoludyr.

Şol ýyl ýurduň paýtagtynda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryny görmäge gelen myhmanlaryň köpüsi şeýle otlulara ilkinji gezek münüpdi. Pekiniň demir ýol edarasynyň metbugata beren beýanatyna görä Pekin-Týanszin arasyndaky gündelik otly gatnawynyň sany 94-den 217-ä çykarylypdyr. Häzire çenli bu aralykda 250 million ýolagçy gatnadylypdyr. Häzirki wagtda hem ýurtda ýokary tizlikli otly ýollarynyň gurluşygy dowam edýär.

 

Ýurduň Içerki Mongoliýa awtonom raýonynyň merkezi şäheri Huh-Hoto, iri şäherleri Ulançab we Çžanszýakou şäherleriniň arasynda gurulýan demir ýol 2019-njy ýylda işe giriziler. Şeýlelikde, Pekin-Çžanszýakou arasynda häzirki wagtda 9 sagatda geçilýän aralyk 3 sagada düşüriler. Indiki ýylyň ahyryna çenli ýurduň Tibet sebitinden başga ähli welaýatynda ýokary tizlikli otlular hereket eder. Demir ýol edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda her günde 4 müň km ýol geçilýär we 4 million ýolagçy gatnadylýar. Pekin-Guançžou arasyndaky otly 2 300 km aralygy 8 sagatda geçýär. Sagatda 350 km tizlik bilen hereket edýän täze “Fuxing” otlulary Pekinden Şanhaýa (1,318 km) 4 sagat 18 minutda barýar. 2020-nji ýyla çenli ýurtdaky ýokary tizlikli otly ýollarynyň uzynlygy 30 müň km-e ýetiriler.