• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

32-nji “Masters” çempionlygy

Tennis boýunça Hytaýda geçirilen Şanhaý “Mastersiň” finalynda serbiýaly Nowak Jokowiç bilen horwatiýaly Borna Çoriç duşuşdy. 1 sagat 37 minutlap dowam eden oýunda Jokowiç 6:3 we 6:4 hasaplar bilen 2 setde ýeňiş gazandy. Jokowiç umumy pul gaznasy 7 million dollar bolan Şanhaý “Mastersde” 1 million dollar pul baýragyna eýe boldy. Ol bu ýeňşiň netijesinde, ATP-nyň sanawynda şweýsariýaly Rojer Federerden öňe geçip, 2-nji basgançaga beýgeldi. Jokowiç karýerasyndaky 72-nji ATP kubogyny gazandy. Galyberse- de, bu Jokowiçiň 32-nji “Masters” çempionlygy bolup, ol Rafael Nadaldan 1 kubok yzda barýar. 31 ýaşly tennisçi 18 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär.