• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Syýahat üçin iň gowy ýurtlar

Beýik Britaniýanyň “Which” sarp edijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, Islandiýa syýahatçylar üçin iň howpsuz ýurtdur. Hünärmenler howpsuzlyk ýagdaýy, tebigy betbagtçylyklar, ekologiýa we beýleki birnäçe ýagdaýlary seljerip, şeýle reýtingi düzdüler. Seljerişlere görä, syýahatçylar Islandiýada özlerini has howpsuz duýýarlar. Mysal üçin, bu ýurtda beýleki ýurtlara garanyňda, jenaýatyň iň pes derejesi hasaba alyndy. Assosiasiýanyň hünärmenleri Islandiýada haýsydyr bir tebigy hadysalaryň has seýrek bolup geçýändigini ýüze çykardylar. Sanawyň ikinji ornuny Birleşen Arap Emirlikleri, üçünji ýeri bolsa, Singapur eýeleýär. Reýtingiň ilkinji onlugyna Ispaniýa, Awstriýa, Kanada, Ýaponiýa, Marokko, Iordaniýa we Barbados girdi.Beýik Britaniýanyň “Which” sarp edijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, Islandiýa syýahatçylar üçin iň howpsuz ýurtdur. Hünärmenler howpsuzlyk ýagdaýy, tebigy betbagtçylyklar, ekologiýa we beýleki birnäçe ýagdaýlary seljerip, şeýle reýtingi düzdüler. Seljerişlere görä, syýahatçylar Islandiýada özlerini has howpsuz duýýarlar. Mysal üçin, bu ýurtda beýleki ýurtlara garanyňda, jenaýatyň iň pes derejesi hasaba alyndy. Assosiasiýanyň hünärmenleri Islandiýada haýsydyr bir tebigy hadysalaryň has seýrek bolup geçýändigini ýüze çykardylar. Sanawyň ikinji ornuny Birleşen Arap Emirlikleri, üçünji ýeri bolsa, Singapur eýeleýär. Reýtingiň ilkinji onlugyna Ispaniýa, Awstriýa, Kanada, Ýaponiýa, Marokko, Iordaniýa we Barbados girdi.