• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Arhipelagdaky täze açyş

Halkara arheologlar topary Egeý deňzindäki grek arhipelagy Furniniň golaýyndan gark bolan gämilerdäki uly hazynanyň üstünden bardylar. Bu ýerden tapylan 58 gämi gadymy grek, Rim we Wizantiýa döwri bilen senelenýär. Olaryň aglabasy antik artefaktlary bilen mas ýüklenen eken. Ştab-kwartirasy Maltada we ABŞ-nyň Ki-Uestşäherinde ýerleşýän “RPM Nautical Foundation” söwda däl guramasynyň hünärmenleri arhipelagyň töwereklerinde 2015-nji ýyldan bäri, suwasty barlaglary geçirýärler. Örän gysga wagtyň içinde deňziň düýbünden tapylan gämileriň sany 10-a golaýlapdyr. – Men dogrusy, öz gözlerime ynanmadym. Biz taryhy maglumatlara üýtgeşme girizjek täsin zadyň üstünden barandygymyza derrew düşündik – diýip, “RPM Nautical Foundation”- niň suwastynda barlag geçirýän arheology Piter Kempbell gürrüň berýär. Arheologlar bu tapyndynyň gadymy Ortaýer deňziniň söwda ýollaryny barlamaga ýardam berjekdigine ynanýarlar. Gark bolan gämileriň 90 göteriminiň ýüki küýzä gaplanan önümlerden ybarat eken – diýip, “Fornoi survey” taslamasynyň ýolbaşçysy Georgios Kusuflakis gürrüň berýär. Gadymyýetde bu küýzeler ýag, şerap, balyk çorbasy, bal we beýlekileri saklamak hem-de daşamak üçin ulanylypdyr. Hünärmenler Furniniň golaýynda gark bolan gämileriň toplanmagynyň sebäbini kenar ýakasynyň düz däldigi we ýowuz howa şertleri bilen düşündirýärler.