• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri

Fizika dersi daş-töweregimizde bolup geçýän dürli prosesleri ylmy esasda, tebigatyň kanunlaryna laýyklykda giňden öwrenip, olary adamzadyň dürli talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirmäge ýol açýar. Tehnikanyň dürli pudaklarynda täze-täze tehnologiki prosesleri girizip biljek, dürli mehanizmleri we maşynlary döredip biljek inženerleri taýýarlamakda fizikanyň roly iňňän uludyr.

Fizika kursy aýry-aýry bölümlerden (mehanikanyň fiziki esaslary, molekulýar fizika we termodinamika, elektrik we magnit hadysalary, optika we ş.m.) ybarat bolup, her bir hadysany üzňe öwrenýän ýaly bolsa-da, onuň esasy maksady tebigy hadysalar barada ylmy pikir ýöretmäni öwretmekdir. Bu bolsa her bir inžener üçin iň möhüm häsiýetleriň biridir.

Fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri:

a) esasy ölçeg birlikler: metr, kilogram, sekunt, amper, kelwin, mol, kandela, radian, steradian.

b) galan ähli fiziki ululyklar esasy ululyklar arkaly kesgitlenýär (tizlik, tizlen­me, güýç, iş we ş.m.).

Metr (m) – kripton – 86 atomynyň 2p10 we 5d5 derejeleriniň arasyndaky geçişe degişli şöhlelenmesiniň wakuumdaky 1650 763,73 tolkun uzynlygyna deň.

Kilogram (kg) – halkara prototipiň asyl nusgasynyň massasyna deň (1 kg mas­saly platinoiridiý silindri Parižiň golaýyndaky Sewr şäherinde ölçegleriň halkara býurosynda saklanýar).

Sekunt (s) – seziý – 133 atomynyň esasy halynyň iki aşa ýuka derejeleriniň arasyndaky geçişe degişli şöhlelenmäniň 9 192 631 770 periodyna deň.

Amper (A) – wakuumda biri-birinden bir metr aralykda ýerleşen örän inçe, tükeniksiz uzyn parallel simlerden tok geçende, onuň her metrinde 2.10–7 N güýç döredip bilýän hemişelik toguň güýjüne deň.

Kelwin (K) – suwuň üçhal nokadynyň termodinamik temperaturasynyň 1/273,16 bahasyna deň.

Mol – uglerodyň C12 izotopynyň 0,012 kilogramyndaky atomlarynyň sanyna deň bölejiklerden durýan maddanyň mukdary.

 

Agza: Shooter tarapyndan