• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kitaby sesli okamak ýatkeşlik üçin peýdaly

 

 

Psihologlar kitaby sesli okamagyň ýatkeşlik üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Kanadanyň Waterloo uniwersitetiniň alymlarynyň tassyklamagyna görä, maglumatlary sessiz we kimdir biriniň okamagynda diňläp öwrenmek olaryň ýadyňda galmagyna oňaýly täsirini ýetirenok. Maglumatlaryň has gowy ýadyňda galmagy üçin olary sesli okalmak zerur. Psiholog Noah Forrin we Colin Macleod Waterloo uniwersitetinden 75 meýletinçiniň gatnaşmagynda tejribe geçirdiler. Meýletinçiler tejribe geçirijileriň kompýuterde görkezmegi boýunça birinji tapgyrda 20 sözi diktofona ýazdylar. 2 hepde geçeninden soň, meýletinçiler sesli ýa-da sessiz birnäçe täze sözleri okadylar, şeýle-de öňki alnan sesi we beýleki adamlaryň seslerini diňlediler. Şonda kitaby sesli okanlaryň onuň mazmunyny has gowy ýadynda saklaýandygy ýüze çykaryldy.