• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Täze rekord Oskarda

 “Çelsi” futbol klubunuň atly oýunçysy bolan Oskar Hytaýyň “Super ligasyna” transfer bolan futbolçylaryň hataryna goşuldy. 25 ýaşly ýarym goragçy Hytaýyň “Şanhaý SIPG” topary bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Hytaýyň kluby Oskar üçin 60 million funt sterlingi “Çelsi” klubuna berer. Şunlukda, Oskar Hytaý “Super ligasynyň” iň gymmat transferi diýlip hasaba alyndy. Oskardan öňki rekord hem bu toparyň başga bir braziliýaly oýunçysyna – Halka degişlidi. Portugaliýaly Andre Willaş-Boaşyň tälimçiligindäki “Şanhaý SIPG” topary geçen tomusda Halky 55,8 million ýewro baha “Zenitden” alypdy.
Antonio Kontäniň wezipä bellenip, toparyň oýnaýyş taktikasyny 3–4–3 ulgamyna öwürmeginden soň, ätiýaçda oturmaly bolan Oskar “Çelsiden” hepdede 90 müň funt sterling hak alýardy. Ol öz täze geçen klubundan ondan 4 esse artyk pul alar. Oskar “Çelsi” klubynyň ugradan iň gymmat oýunçylarynyň biri boldy.