• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäde iň kiçi kwant prosessoryny çykardy

 

 

 

Mikroprosessor öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Intel” iň kiçi çipi işläp taýýarlady. Kompaniýanyň ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky “Intel D1D Fab” zawodynda öndürilen kwant çipi örän kiçi bolup, ony diňe elektron mikroskopy arkaly görüp bolýar. Inženerleriň aýtmagyna görä, onuň ululygy 50 nanometre barabar. Adam saçynyň galyňlygyndaky bu çipe 1500 kubit maglumat sygýar. Mikroshemanyň işlemegi üçin absolýut nola deň bolan ýylylyk zerurdyr. Bu çipleriň ulanylýan kwant kompýuterleri adaty kompýuterlerden tapawutly işleýär. Adaty kompýuterlerde hemme maglumat 1 we 0 bit yzygiderlikde kodlanýan bolsa, kwant kompýuterleriniň maglumaty saklamak üçin iň kiçi elementine kubit diýilýär. Ol bitden tapawutlylykda islendik ýagdaýda bolup bilýär. Şeýlelikde, kwant biti elementleri tükeniksiz kabul edýär we hasaplamanyň tizligini ep-esli artdyrýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, täze çipiň göwrümi ep-esli ulaldylyp bilner. Geljekki kwant kompýuterleri million kubitden ybarat bolup, şu wagtky tiz işleýän superkompýuterlerden has güýçli bolar. Tehniki ýolbaşçy Jim Klarkyň aýtmagyna görä, her hepde 300 mm bolan bäş sany prosessorly plastina öndürilýär. Bu gaty ujypsyz san bolup görünse-de, kubit bilen hasaplananda, dünýäde heniz hiç bir kompaniýa “Intel”-den öňe geçmeýär.