• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kosmos bekedi Aýyň orbitasyna çykar

Ýewropanyň uçar önümçiliginde iş alyp barýan “Airbus” kompaniýasy NASA- nyň taslamalaşdyran kosmos bekediniň laboratoriýasyny gurar. NASA- nyň “Gateway” taslamasy Aý we Mars üçin adamly we adamsyz uçuşlary amala aşyrmagy maksat edinýär. Kosmos bekedi Aýyň orbitasynda aýlanar. Taslamanyň çäklerinde dörediljek beketlerde kosmonawtlaryň ýaşamagyna we laboratoriýa maksatly ulanyljak 6,5 metrlik modullar bolar. Öňümizdäki 15 aýyň dowamynda aýratynlyklary mälim ediljek modulyň agramy 9 tonna barabar bolar. “Airbus” kosmos bekedinde ýangyç doldurmak, ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen telekommunikasiýa ugurlarynda täze taslamalar y taýýarlar. Häzirki wagtda “Airbus”- yň howpsuzlyk we kosmos bölümi Angliýanyň Stiwenij şäherindäki montaž desgasynda ösen emeli hemra we kosmos enjamlar yny öndürýär. NASA “Gateway” merkezi kosmos bekedini 2020-nji ýylda Aýyň orbitasyna ýerleşdirer. Bu beketde Halkara kosmos beke dinden tapawutlylykda içinde yzygiderli adam bolmagyna zerurlyk duýulmaz.