• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sürüjisiz taksiler peýda bolar

Soňky tehnologiýalar ulanmakda dünýäniň ösen şäherleriniň biri hasaplanýan Dubaýda sürüjisiz taksiler tanyşdyryldy. Köpçülige görkezilen taksiler ýakyn günlerde ýol hereketinde synag sürüşlerini geçirip başlar. Ulaglar, ilkinji nobatda, şäheriň belli ýerlerinde hereket eder. Synag sürüşi 3 aýlap dowam etjek ulaglaryň howpsuzlygy üçin onuň tizligi 35 km bilen çäklendirilipdir. Haýsydyr bir tehniki näsazlygyň bolan ýagdaýynda ýol hadysasynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin sürüjisi hem bolar. Bu döwrebap ulaglar “Mercedes-Benz” brendi tarapyndan kamera we lidar ulgamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bulardan başga- da, geljekde ýurtda uçýan taksileriň hem ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.