• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dynç alyş ömri uzaldýar

 

Finlýandiýanyň Helsinki şäheriniň alymlar topary dynç alşyň ömrüň dowamlylygyny uzaldýandygyny mälim etdiler. Alym Timo Strandbergiň ýolbaşçylygyndaky topar bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirip, her ýyl yzygiderli dynç alşa çykýan adamlaryň has köp ýaşaýandygyny ýüze çykardylar. Bu ugurdaky taslama 40 ýyl dowam edip, oňa 1222 işewür gatnaşdy.

Fin alymlarynyň ylmy-barlag üçin saýlap alan adamlary çilim çekýän, semiz, ýokary gan basyşyndan ejir çekýänler, ganynyň düzüminde holesterin mukdary köp bolan adamlar boldy. Olar babatda geçirilen barlaglaryň netijesine görä, her ýyl dynç alşa çykýan adamyň ömrüniň uzalýandygy mälim edildi. Her ýyl azyndan 1 aý dynç almak maslahat berilýär.

Sagdyn durmuş yzygiderli dynç alşyň öwezini dolup bilmeýär. Sagdyn iýmitlenmek we adam saglygy üçin peýdaly iýmitler hem dynç alşyň ornuny tutup bilmeýär. Talabalaýyk dynç alyş adamyň ýüregini taplaýar we stresiň aýrylmagyna kömek berýär – diýip, Timo Strandberg gürrüň berýär.