• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

DÜNÝÄDÄKI TÄSIN ATTRAKSIONLAR

Ilkinji attraksionlar Ýewropada döredilipdir, özleri hem örän ýönekeý gurluşly bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar çylşyrymlaşdyrylyp, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylyp gurlupdyr. Häzirki wagtda dünýäde köp attraksionlar tehniki taýdan hem, gurluşy taýdan hem biri-birine meňzeş bolman, görenleri haýran galdyrýar. Oýun desgalary diňe bir çagalary däl, eýsem ululary hem özüne çekýär, çünki ynsanyň ömür ýoly çagalygyň şadyýan hem gaýtalanmajak dünýäsinden başlanýar. 

 

Mumbo Jumbo

Mumbo Jumbo - Angliýanyň «Flamingo Land Park» atly seýilgähinde dünýäde iň kert aýlawly «Mumbo Jumbo» atly oýun desgasy ýerleşýär. Bu täsin desganyň süňňi polatdan bolup, onuň burçly eň­ňi­di 112 de­re­je­dir. Mun­da ge­ze­lenç eden adamlar dünýäniň iň tanymal şäherini ýokardan synlamaga mümkinçilik alýarlar. T Ekspress Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde «T ekspress» atly örän kert aýlawly agaçdan gurlan oýun desgasy bar. Bary-ýogy 3 minuta ýeter-ýetmez wagtda sagatda 100 km tizlik bilen belentli-pesli uçulýan bu des­ga­da 12 ge­zek ag­ram­syz­lyk duý­gu­sy baş­dan ge­çi­ril­ýär. Des­ganyň iň ýo­ka­ry burç eň­ňi­di 75 de­re­je­dir. 

 

T Ekspress

T Ekspress - Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde «T ekspress» atly örän kert aýlawly agaçdan gurlan oýun desgasy bar. Bary-ýogy 3 minuta ýeter-ýetmez wagtda sagatda 100 km tizlik bilen belentli-pesli uçulýan bu des­ga­da 12 ge­zek ag­ram­syz­lyk duý­gu­sy baş­dan ge­çi­ril­ýär. Des­ganyň iň ýo­ka­ry burç eň­ňi­di 75 de­re­je­dir.

 

       

 

Formula Rossa  

Formula Rossa - Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherindäki Ferrari dünýäsi tomaşa seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» atly oýun desgasy iň täsin attraksionlaryň biridir. Dünýäde iň ýokary tizlikli ha­sap­lan­ýan bu att­rak­sion sa­gat­da 240 km tiz­lik­de he­re­ket ed­ýär. Onuň uzyn­ly­gy 2,2 km bo­lup, dün­ýä­de 4-nji or­na eýe­dir. Bu oýun des­ga­sy­nyň be­ýik­li­gi 52 metre barabar bo­lup, att­rak­sio­na mü­nen adamlar 1 sagat 33 minut gezelenç edip bilerler. 

 

Prater diňi

Prater diňi - Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde «Prater diňi» atly dünýäde iň beýik zynjyrly sallançak bar. Dünýäde medeniýetiň we sungatyň iň bir ösen şäherleriniň biri hasaplanylýan Wenadaky bu täsin oýun desgasynyň uzyn­ly­gy 117 met­re ba­ra­bar­dyr. Ýer ýüzüniň syýahatçylaryna, medeniýet we sungat ussatlaryna gadymy Wenanyň täsin keşbine al-asmandan synlamaga mümkinçilik döredýän bu täsin oýun desgasy örän meşhurdyr.

 

Singapur uçarmany

Singapur uçarmany - Singapurda gurlan dünýädäki iň uly syn etme çarhynyň beýikligi 165 metre barabardyr. «London gözi» atly meşhur syn etme çarhy bilen deňeşdirilende bu desga has beýikdir, çünki onuň boýy 135 metre deňdir