• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Özi işleýän traktor

 

“Reliance Jio” we “Microsoft” kompaniýalary Hindistanyň “Escorts” brendi üçin özbaşdak hereket edýän traktor işläp düzýär. Daýhanlaryň çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, işlenip taýýarlanýan traktor sürüjiniň sesli buýruklaryny hem ýerine ýetirer. Jisimleriň Interneti (IoT) we emeli aň günsaýyn täze pudaklarda ulanylýar. Hindistanyň iri tehnikalary öndüriji “Escorts” kompaniýasy hem tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanmak isleýär.

Täze tehnika emeli aň tehnologiýasy bilen adamyň ünssüzligi sebäpli ýüze çykyp biljek ýitgileriň öňüni almagy maksat edinýär. Şeýle hem “Escorts” kompaniýasy uzakdan dolandyrylýan, topragyň hili we hasylyň mukdary babatda maglumat toplajak tehnologiýany işläp düzýär.

Hindi kompaniýasy daýhanlara howanyň ýagdaýy barada maglumat bermek, hasyllylygy ýokarlandyrmak we topragyň hasyllylygyny saklamak babatda “Microsoft” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Sürüjisiz traktor “bulut” we emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün ediler. Entek önümçiligine başlanmadyk traktor birnäçe ýyldan giň atyzlarda peýda bolar.