• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Disneýland”-yň köne zatlary ýerlendi

 

Los-Anjelesde “Disneyland” seýilgähleriniň artefaktlar toplumy satylyp, olaryň käbiriniň geçen asyryň 50-nji ýyllaryna degişlidigi habar berilýär. Pil çagasy Dambo 500 müň dollara satylyp, bu onuň bahalanan ilkinji nyrhyndan dört esse köpdür. Satuwlarda jemi 8 million dollar gazanyldy. Kolleksiýa 900 töweregi eksponatdan ybarat bolup, olaryň eýesi Riçard Kraft satuwy ozalky sport dükanynyň binasynda gurady. Bu ýere onlarça müň adam gelip gördi.

 Satuwyň näçeräk pul getirenligi maňa gyzykly däl. Bu zatlaryň gadyryny meniň bilşim ýaly, alyjylaryň hem olaryň gadyr-gymmatyny bilmeklerini isleýärin. Men munuň ýöne bir çykdajy bolmagyny islemeýärin. Men alyjylaryň öz öýlerine ýatlama üçin bir zatlar alyp gitmeklerini isleýärin. Mysal üçin, biz Dambo bilen “Roždestwo” baýramçylygyna zynat bererdik – diýip, kolleksioner aýdýar. Kraft özüniň kolleksiýasyny 25 ýyl mundan ozal, Kaliforniýanyň disneýlendine gatnan döwürleri dogany bilen bilelikde toplamaga başlaýar.

“Disneýland” seýilgähi amerikan suratkeşmultiplikatory, kinorežissýory, aktýory, ssenariçisi we prodýuseri hem-de “Walt Disney Productions” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Uolter Elaýas Disneýiň ideýasy bilen 1955-nji ýylyň 17-nji iýulynda Kaliforniýa ştatynyň Anahaýma şäherinde gurulýar. Seýilgäh açylan pursatyndan häzirki günlerimize çenli iň gelim-gidimli ýerleriň biri bolmagynda galýar.