• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Internetiň 6G ulgamyna taýýarlyk

Hytaý Halk Respublikasy internet torunyň täze neslini, ýagny 6G ulgamyndan peýdalanmak babatda giň gerimli barlag işlerine başlaýar. Bu barada ýurduň Senagat we informatizasiýa ministrliginiň kabelsiz tehnologiýalar iş toparynyň başlygy Su Sin habar berýär. Häzirki wagtda 4G (iňlisçe fourth generation) dördünji nesliň ulgamyndan giňden peýdalanylýar. Geljekde tehnologiýa bazarynda 5G ulgamy peýda bolar. Umuman, aragatnaşygyň bu ulgamyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri öňünden öwrenilip başlanýar. Ylmy- barlaglardan we işläp düzmelerden doly ulanyşyga girizmek üçin azyndan 10 ýyl gerek bolar. Amaly maglumatlara görä, 6G tehnologiýasy arkaly 1 sekuntda 1 terabit möçberinde maglumat almak bolar. Maglumatlaryň geçirijilik tizligi 1 müň esse çalt bolar. 6G ulgamynyň ylmy- barlaglaryna we işläp düzmelerine 2020-nji ýylda girişilip, onuň 2030-njy ýylda ulanyşa girizilmegi göz öňünde tutulýar. Hytaýdan başga- da, ABŞ, Russiýa, Ýewropa Bileleşigi we beýleki ýurtlar bu ugurda iş alyp barýarlar. Öňümizdäki ýyllarda internet torunyň 5G ulgamy giňden ulanylyp başlanar.