• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GARAŞYLÝAN TUTLUŞYK APRELDE

Boksuň muş­dak­la­ry En­to­ni Jo­şua bi­len Wla­di­mir Kliç­ko­nyň ara­syn­da­ky tut­lu­şy­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar. 2017-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da London şäheriniň meşhur “Wemb­li­” stadionda geçiriljek tut­luş­yk üçin,  go­laý­da boks­çylaryň 2-i hem žur­na­list­ler bi­len söh­bet­deş­lik ge­çir­di.

27 ýaş­ly ýaş boksçy Jo­şuanyň aýtmagyna görä ol  Kliç­ko­ny ýe­ňip, ro­wa­ýa­ty boks­çu­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­mak üçin ilkinji uly ädim­le­riň bi­ri­ni ät­mek­çi diýip aýdýar. Ol hä­zi­re çen­li onuň ýa­ly abraýly boks­çy bi­len tutluş­ma­ndy. Bel­ki-de bu du­şu­şyk­dan soň, me­niň adym çem­pi­on boks­çudan ro­wa­ýa­ty boks­ça öw­rü­lip bi­ler. Meniň bu de­re­jä ýet­megim üçin Wla­di­mi­ri ýeň­me­gim ge­rek di­ýip ol aýdyp geçýär.
41 ýaş­ly Kliç­ko­nyň hem özü­ne yna­my diý­seň ulydyr.Ol özüniň kar­ýe­ra­sy­ny 11 ýyl­lap ýeň­liş­siz do­wam et­di­rip, ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Taý­son Fu­ri­den as­gyn ge­lip, çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny al­dy­ryp­dy. Bi­ler­men­ler ýaş Jo­şua­ny fa­wo­rit ha­sap­la­sa-da, Kliç­ko tut­lu­şy­gyň iki ta­rap­ly­dy­gy­ny aýd­ýar. Ol 1,5 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, özü­mi fi­zi­ki hem-de ru­hy taý­dan ju­da taý­ýar­lyk­ly duý­ýa­ryn. Bu du­şu­şyk soň­ky ýyl­la­ryň iň esa­sy tut­lu­şyk­la­ry­nyň bi­ri bol­ar. Jo­şua bi­len ag­ra­my­my­zam, bo­ýu­my­zam we şol san­da güý­jü­mi­zem deň. 1,5 ýyl­dan bä­ri köp zäh­met çek­dim we özü­me yna­mym uly diýip ol belläp geçdi.
2013-nji ýyl­da pro­fes­sio­nal bo­lan En­to­ni Jo­şua hä­zir­ki wag­ta çen­li ge­çi­ren 18 du­şu­şy­gy­nyň äh­li­si­ni-de no­kaut bi­len ýeňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­nyň 20-nji ýy­ly­na ga­dam ba­san Wla­di­mir Kliç­ko bol­sa, 68 tut­lu­şy­gy­nyň 64-sin­de gar­şy­daş­la­ry­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şo­la­ryň 53-sin­de no­ka­ut bi­len ýe­ňiş ga­za­nan Kliç­ko bary-ýogy 4 ge­zek ýe­ňil­di.
Sa­byr­syzlyk bi­len ga­raş­ylýan bu tut­lu­şy­k 2017-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Lon­don­da­ky meş­hur “Wemb­li” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.