• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ne Ronaldo, ne-de Salah — iň gowusy Modriç

UEFA toparynyň Çempionlar ligasynyň çempionlygyna uly goşant goşan “Real Madridiň” oýunçylary — Keýlor Nawasy iň gowy derwezeçi, Serhio Ramosy iň gowy goragçy, Luka Modriçi iň gowy ýarymgoragçy, super ýyldyz Kristiano Ronaldony-da iň gowy hüjümçi diýip saýlady. Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy baýragyny bolsa, Mohamed Salah we Kristiano Ronaldodan öňe saýlanan Luka Modriçe gowşurdy. Şeýle-de janköýerleriň ses bermegi esasynda Ronaldonyň çärýek finalda häzirki topary “Ýuwentusyň” torundan geçiren üstaşyr goly iň owadan gol diýlip saýlandy.