• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Golf-ömri uzaldýan oýun

Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetiniň alymlary golf oýnunyň adam ömrüni azyndan alty ýyl uzaldýandygyny mälim etdiler. Golf bedene fiziki we psihiki taýdan dogry agram salyp, diňe bir ömri uzaltman, eýsem birnäçe keselleriň ösüş howpunyň hem öňüni alýar. Olaryň arasynda ýürek-damar ulgamy, süýji kesel, insult, göwnüçökgünlik we demenisiýa ýaly nähoşluklar bar. Statistik maglumatlara görä, biziň günlerimizde Ýer togalagynyň 50 million töweregi ýaşaýjysy golf oýny bilen gyzyklanýar. Barlag geçirijiler adamlara sportuň bu ýakymly görnüşini oýnamaga maslahat berýärler, çünki bu oýnuň ynsan ömrüni uzaltmaga ägirt uly ähmiýeti bar.