• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GÜN ENERGIÝASY ULANYLÝAR

 

Dün­ýä­de tä­sin arhitektura gurluşyna eýe bo­lan bi­na­lar diý­seň köp. Olar öz gurluş, ýerleşiş aýratynlyklary bilen dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özü­ne çek­ýär. Ine, şeý­le binalaryň biri hem Taýwan­da ýer­leş­ýän až­dar­ha gör­nü­şin­dä­ki mil­li sta­dion­dyr. Taý­wa­nyň mil­li sta­dio­ny 2009-njy ýyl­da gu­rul­dy. Ol şol ýyl­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na — Olim­pia­da­nyň sanawyna girmeýän ähli oýun görnüşleri boýunça ýaryşlara ni­ýet­le­nip gur­lan­dyr. Mil­li sta­dion fut­bol oý­ny üçin ni­ýet­le­nen. Sta­dionyň 55 müň to­ma­şa­çy­ny ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar. Sta­dio­nyň mün­ber­le­ri Gün ener­gi­ýa­sy­ny elekt­rik to­gu­na öwür­ýän fo­to­e­le­ment­ler bi­len ör­tü­len. Şeýlelikde, bu desga dünýäde ilkinji Gün energiýasyny ulan­ýan sta­dion ady­na eýe bol­dy. Onuň ön­dür­ýän elektrik energiýasy stadionyň ähli talaplaryny doly üp­jün ed­ýär. Meý­dan­ça­da du­şu­şyk ge­çi­ril­me­ýän gün­leri öndürilýän energiýadan ýerli ýaşaýjylar peýdalanyp bil­ýär­ler.