• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

DAG KÖPRÜSI

 

Günorta Afrika Res­pub­li­ka­syn­da ÝU­NES­KOnyň medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen «Kristenboş» botanika bagy ýer­leş­ýär. Ol 1913-nji ýyl­da esaslandyrylyp, onuň tutýan meý­da­ny 36 gek­ta­ra ba­ra­bardyr. 2013-nji ýyl­da bu ýer­de ba­gyň dö­re­di­len gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp uly se­ýil­gäh açyl­dy. Bu se­ýil­gä­hiň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa tä­sin dag köp­rü­si­dir. Be­ýik köp­ri­niň uzyn­lygy 130 met­re ýet­ýär. Bu köp­rü­den bo­ta­ni­ka ba­gy­nyň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni syn­la­mak bol­ýar. Köp­ri­niň gy­ra­sy owa­dan­lyk hem howp­suz­lyk üçin ýö­ri­te go­rag to­ry bi­len ör­tü­lip­dir. 2014-nji ýylda botanika bagynda täsin köpri gurlandan soň adamlara bu ýe­re sy­ýa­hat et­mek­li­ge rug­sat be­ril­di. Şol gün­den bä­ri ol sy­ýahatçy­la­ryň hem ýer­li ila­tyň iň ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.