• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň köp altyn medal gazanan türgenler

Dünýä çempionatlarynda iň köp altyn medal gazanan türgenleriň sanawynda 1942-2011-nji ýyllarda ýaşan ozalky Soýuzyň ştangaçysy Wasiliý Alekseýew barýar. 110 kg agramdan ýokary derejede çykyş eden türgen 8 altyn medal gazandy. Ýene şonçarak Ýewropadada çempion bolan Alekseýewiň 2 Olimpiýa altyn medaly hem bar. 2-3-nji ýerleri ozalky SSSR-iň ştangaçysy Ýurik Wardanýan bilen türkiýeli Naim Süleýmanoglu paýlaşýar. Olaryň 2-si hem 7 altyn 1 kümüş medal gazandylar. Irki ýyllarda 6 medal gazanan awstriýaly Ýosef Grafl 6 altyn, 2 kümüş medal bilen 4-nji ýeri eýeleýär.

   

Ady

Ýurtlar

Altyn

Kümüş

Bürünç

Jemi

Wasiliý Alekseýew

SSSR

8

0

0

8

Ýurik Wardanýan

SSSR

7

1

0

8

Naim Süleýmanoglu

Bolgariýa/Turkiýe

7

1

0

8

Ýosef Grafl   

Awstriýa

6

2

0

8

Tommi Kono  

ABS

6

1

1

8

Jon Dewis   

ABS

6

1

0

7

  Ýoşinobu Miýake  

Ýaponiýa

6

0

1

7

Dawid Rigert   

SSSR

6

0

1

7

Waldemar Başanowski  

Polşa

5

5

0

10

Arkadiý Worobýow 

SSSR

5

2

1

8

  Pit Jorj  

ABS

5

2

0

7

Ýanko Rusew  

Bolgariýa

5

2

0

7

Halil Mutlu

Turkiýe

5

2

0

7

Mohammad Nassiri     

Eýran

5

1

3

9

Wiktor Kurensow 

SSSR

5

1

0

6

Stenli Stansyk

ABS

5

0

2

7

Anatoliý Hrapatyý 

Gazagystan

5

0

2

7

  Wladimir Stogow  

SSSR

5

0

1

6