• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apelsin göze peýdaly

 

Apelsiniň gözüň saglygy üçin örän peýdalydygy anyklandy. Bu barada Awstraliýanyň Sidneý uniwersitetiniň bilermenleri gözüň ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin hepdede bir gezek sitrus miwelerini mysal üçin, apelsin iýmegi maslahat berýär. Bärde gürrüň gözüň ýagtylyk kabul edýän bölegini (göreç) goraýan flawonoid birleşmeleri hakynda barýar. Ol hem çylka etde we apelsiniň gabygynda köp mukdarda saklanýar.

 

 

 

Alymlar şeýle netijä gelmezden ozal, dürli ýaşdaky müňlerçe adamlar bilen synag işlerini geçirdiler. Alymlar diňe sitrus miweleriniň däl-de, eýsem, flawonoid çeşmesi bolan çaý, alma we beýleki käbir miweleriň hem göze peýdalydygyny mälim edýärler. Her gün bir apelsin iýmeklik gözüň ýagtylyk kabul edýän böleginiň ýaramazlaşmagynyň 60 göterim öňüni alýar. Beýleki flawonoid çeşmelerinde bu görkeziji 25-30 göterime deňdir.