• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ylym we tehnologiýa täze enjamlaryny tanyşdyrdy.

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy özüniň iň gowy enjamlary bolan “Mate 20”, “Mate 20 Pro” we “Mate 20 X” smartfonlaryny tanyşdyrdy. Londonda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen enjamlar ýokary aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. “Huawei Mate 20” telefonynyň FHD ekranynyň durulygy 2244 x 1080 piksel. “Kirin 980” mikroprosessory oturdylan model “Android 9” amaly ulgamynda işleýär. “Android”- iň soňky görnüşi häzire çenli diňe “Pixel 3” smartfonynda goýlupdy. “Huawei Mate 20”-de 12, 16 we 8 MPlik üç sany esasy kamera bar. Şeýle hem öňünde 24 MP-lik kamera bar. 158,2 x 77,2 x 8,3 mm ululygyndaky enjamyň 4GB RAM-y we 128 GB ýady bar. 6,39 dýuým ekranly “Mate 20 Pro” enjamynyň AMOLED ekranynyň durulygy 3120 x 1440 piksel. “Huawei” bu modelde hem özüniň işläp düzen “Kirin 980” mikroprosessoryny ulanypdyr. “Android 9” amaly ulgamly enjamyň RAM-y 6 GB, ýady 128 GB. Smartfonyň arkasynda 40 MP, 8 MP we 20 MP durulygynda 3 sany kamera bar. Onuň öňki kamerasy 24 MP. Smartfonyň “Reverse Charge” aýratynlygy bilen beýleki enjamlara zarýad berip bilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen “Mate 20 X” beýlekilerinden has ulurak. 7,21 dýuým ekranly smartfonyň ekranynyň durulygy 3120 x 1440 piksel. Arka kameralarynyň durulygy 40 MP, 20 MP, 8 MP. Öňki kamerasy 24 MP bolan telefonyň RAM-y 6 we 8 GB. Smartfonlaryň Ýewropa ýurtlaryndaky bahalary “Huawei Mate 20 X” 899 ýewro, “Huawei Mate 20” 799 ýewro we “Huawei Mate 20 Pro” 1049 ýewro.