• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Amul – Hazar 2018” – türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi

 

 

Türk­me­nis­tan iri hem-de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çir­mä­ge ukyp­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­dy. Mu­ňa ge­çen ýy­lyň güý­zün­de Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýunça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Üs­tü­miz­dä­ki “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da-da iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi üçin ýo­ka­ry taý­ýar­lyk do­wam ed­ýär. Şeý­le ýaryş­la­ryň bi­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da geçi­ril­ýän “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­dir. Ýe­ňil, ýük aw­tou­lag­la­ry we SSV ky­sym­ly kwad­ro­sikl­le­riň gat­naş­dy­ryl­jak bu hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň bütin­dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­me­gi üçin köp san­ly çä­re­ler gu­ral­dy we gu­ral­ýar.

Halkara awtoralliniň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr. “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň geçiriljek ugry ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sürüjileri we şturmanlary üçin ençeme syrlary we ýeňip geçmeli kynçylyklary özünde jemleýär. Maslahat beriş, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýäniň belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine uly üns berilýär.

“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini giňişleýin beýan etmek maksady bilen ýaryşlaryň resmi internet sahypasy  “www.turkmendesertrace.com” döredildi. Onda geçiriljek ýaryşlar, Beýik Ýüpek ýoly, türkmen sportunyň taryhy, ýurdumyzyň medeniýeti, şu güni we gazananlary barada habarlar ýerleşdiriler. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek üçin ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde awtomobil sportunyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenistanda geçiriljek awtomobil ýaryşlary barada habarlar çap edilýär.