• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mik Şumaher kakasynyň ýolunda

Formula 1 ýaryşlarynyň rowaýaty sürüjisi Mihael Şumaheriň ogly Mik Şumaher Formula 3 ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol möwsümiň 10-njy we soňky bäsleşigi Hokkenhaým “Gran Prisini” (Germaniýa) 1-nji hatarda tamamlap, umumy sanawda 1-nji ýeri eýeledi. 2-nji orundaky Dan Tiktumdan 57 utuk öňe saýlanan “PREMA Theodore” toparynyň sürüjisi Mik Şumaher karýerasy boýunça ilkinji gezek F3-de çempion diýen ada mynasyp boldy. 19 ýaşly Şumaher geçen möwsümde 12-nji orny eýeläpdi. Mikiň kakasy Mihael Şumaher hem özüniň sport ýolunda 1990-njy ýylda F3-de çempionlyk gazanypdy.