• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Finala bir ädim galdy

 

 

Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny “Al­tyn asyr” fut­bol to­pa­ry­nyň AFK-nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da­ky şow­ly çy­ky­şy do­wam ed­ýär. Ara­gat­na­şyk­çy­lar ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň “Ap­rel 25” to­pa­ry bi­len myh­man­çy­lyk­da du­şuş­dy­lar. Oman­ly Ah­med Al-Ka­fyň emin­lik eden oý­nu­na 4200 jan­kö­ýer gat­naş­dy.
Du­şu­şyk ýer eýe­le­ri­niň hü­jüm­le­ri bi­len baş­lan­dy. Oý­nuň 15-nji mi­nu­tyn­da sag gap­dal­dan ama­la aşy­ry­lan hü­jüm­de ýer eýe­le­rin­den An Il-bom ha­sa­by aç­dy. Bu ko­re­ýa­ly hü­jüm­çi­niň şu ýa­ryş­da­ky 12-nji go­ly bo­lup, ol iň köp gol ge­çi­ren­le­riň sa­na­wyn­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar.
Ýö­ne bu go­la il­deş­le­ri­mi­ziň jo­ga­by gi­jik­me­di. 5 mi­nut­dan soň, has ta­ky­gy, 20-nji mi­nut­da Wa­hyt Oraz­sä­he­dow sag aýa­gy bi­len topy bat­ly urup, ha­sa­by deň­le­di. Şon­dan soň, ýer eýe­le­ri hü­jüm­le­ri­ni has-da art­dy­ryp baş­la­dy. Du­şu­şy­gyň 32-nji mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­ri­niň baş­ga bir ez­ber oýun­çy­sy Kim Ýu-song ko­reý­le­ri öňe çy­kar­dy. Ol şu möw­süm­de AFK-nyň Ku­bo­gy bäs­le­şi­gin­de 6-njy ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.
2-nji ýa­ry­myň 15-nji mi­nu­tyn­da, ýag­ny du­şu­şy­gyň 60-njy mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­rin­den An Song-Il oý­nuň düz­gü­ni­ni boz­dy. Oman­ly emin bol­sa, oňa 2-nji sa­ry kar­toç­ka­­ny gör­ke­zip, ony meý­dan­ça­dan çy­kar­dy. Şon­dan soň, il­deş­le­ri­mi­ziň hü­jüm­le­ri ar­typ baş­la­dy. Şol hü­jüm­ler oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 9 mi­nut ga­lan­da, öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­di. 81-nji mi­nut­da je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň için­de Se­lim Nur­my­ra­dowyň sag aýa­gy bi­len bat­ly de­pen ur­gu­sy tor­da gaý­ma­la­dy. Şeý­le­lik­de, oýun 2-2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Bu bol­sa, il­deş­le­ri­mi­ziň fi­na­la çyk­ma­gy üçin gol­suz oý­nal­jak jo­gap du­şu­şy­gy­nyň-da ýe­ter­lik bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. In­ter­zo­la­gyň fi­na­ly ýa-da umu­my­lyk­da ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­ly­nyň jo­gap oý­ny 3-nji okt­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da oý­na­lar. Jo­gap du­şu­şy­gy 17:00-da baş­lan­ýar.
Şeý­le-de ýa­ry­şyň beý­le­ki ýa­rym fi­na­lyn­da Yra­gyň “Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa” to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da Ior­da­ni­ýa­nyň “Al-Ja­zi­ra” to­pa­ryn­dan 1-0 üs­tün çy­kyp, bas­syr 3-nji fi­na­ly­na go­laý­la­dy. “Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa” to­pa­ry 2 ýyl­dan bä­ri AFK-nyň Ku­bo­gy­ny ga­za­nyp gel­ýär.