• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň gymmat şertnama

Meksikaly meşhur boksçy, orta agramda WBA we WBC guşaklarynyň eýesi Saul Alwares sportuň taryhyndaky iň gymmat şertnama gol çekdi. Ol merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän DAZN internet ýaýlym platformasy bilen 5 ýylyň dowamynda geçirmegi göz öňünde tutýan 11 tutluşygyny ýaýlyma bermek hukugy üçin 365 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Şeýlelikde, 28 ýaşly “Canelo” lakamly boksçy sport taryhynyň iň gymmat şertnamasynyň eýesi bolup, ondan öňki rekord Amerikan Beýsbol Ligasynyň (MLS) toparlaryndan “Maýami Marlinsiň” oýunçysy Jiankarlo Stantona degişlidi. Ol 2014-nji ýylda topary bilen 325 million dollara şertnamasyny 7 ýyllyk uzaldypdy. Karýerasy boýunça 50 tutluşykda ýeňiş gazanan (1 deňlik, 2 ýeňliş) Saul Alwares WBA-nyň super orta agram derejesiniň guşagy üçin 15-nji dekabrda Nýu Ýorkda angliýaly Roki Filding bilen ringe çykar.