• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Haýsy jandar ýürekli?

Haýwanat dünýäsi örän täsin hem üýtgeşik. Şatlama sowukda ýaşaýany hem bar, jokrama yssyda birnäçe günläp suwsuz gezýäni-de. Eýsem, janly- jandarlaryň ýürekleri hem tapawutlymyka?! Adatça, adamlaryň rahat oturan wagty ýüregi minutda ortaça 70-80 gezek urýar. Ýiti burunly gyzylguýruk syçan bolsa, ýüregi iň çalt urýan jandar hasaplanýar. Onuň ýüregi minutda 1200 gezek urýar. Bu adamyňkydan 16 esse çalt diýmegi aňladýar. Beýle çaltdygyna garamazdan mör-möjekler bilen iýmitlenýän jandaryň agramy bary- ýogy 30 gram töweregi bolýar. ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersitetiniň weterinariýa fakultetiniň professory Mark Oýama jandarlaryň göwresiniň näçe uly boldugyça ýüreginiň haýal urýandygyny aýdýar. Kitleriň käbir görnüşiniň ýürek urgusy minutda 10-30 aralygynda üýtgeýär. Dünýäniň iň uly jandary hasaplanýan gök kitiň ýüreginiň agramy 180 kilograma barabar. Ýüregini öz göwresi bilen deňeşdireniňde bolsa, it iň uly ýürekli jandar hasaplanýar. Itiň ýüreginiň agramy onuň bedeniniň agramynyň 0,7-0,8 göterimine deň. Bu görkeziji pişiklerde 0,35 %. Paýtagtymyzdaky Janly tebigatyň milli muzeýine baran bolsaňyz, ol ýerde žirafy hem görensiňiz. Žiraf dünýäniň iň uzyn jandary hasaplanýar. Namibiýaly ekologiýa hünärmeni Raçel Brend žiraflaryň ýüreginiň göwresine görä uly däldigine ünsi çekýär. Onuň ýüreginiň çep gapdalynyň galyňlygy 8 santimetre, sag gapdaly 1,5 santimetre deň. Bu "deňsizligiň" sebäbi, sag tarap diňe öýkene, çep tarap, jandaryň kellesine gan iberýär. Onuň kellesi ýüreginden 2 metr çemesi ýokarda. Karakatisa we osminog ýaly käbir deňiz jandarlarynyň üç ýüregi bolýar. Waşingtondaky Smitsoniýan Milli taryh muzeýiniň deňiz oňurgasyzlary barada hünärmeni Kris Mah deňiz ýyldyzlarynyň we derisi tikenli beýleki käbir jandarlaryň ýüreginiň we şoňa meňzeş synasynyň ýokdugyny aýdýar. Sebäbi olaryň bedeninde gan ýok