• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäniň iň yeňil metal garyndysy

 

Dünýäniň iň uly uçar öndürýän kompaniýasy bolan Boeing üçin in ýeňil metal  garyndysy döredildi. Uçarlaryň berkligi artmaklygy bilen agyrlygynyň azalmasy we munyň bilen bilelikde ýangyç ulanyjylygynyň hem azalmasyna öz täsirini ýetirjekligine ynanylan bu metal garyndy hemmäniň ünsini özüne çekmegi başardy.

Iňlisçe Microlattice diýilip atlandyrylan bu metal garyndy, adaty köpük serişdeleri bolan strafordan 100 esse yeňil bolmagyna garamazdan metal gatylygynada eýedir. Adam süňleriniň gurluşyndan ugur alynyp ýasalan bu metalyň 99,9% göterimi howadan ybaratdyr. Bu esasan metal nikelden yasalan içi boş sütünlerden ybarat bolup her bir sütün adam saçyndan 1000 (100 nonametr galyňlygyna) esse inçedir.

Yangyç harjamlylygyna we kuwwatlylygyna,ekonomika hem-de howsuzlyk nukdaýnazaryndan möhüm rol oýnaýan uçarlarda bu garyndynyň ýakyn geljekde  ulanylyşa girmekligi energiýanyň has tygşytly ulanylmasyna giň ýol açar.