• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

«Apple» kompaniýasy üç sany täze smartfonlaryny görkezdi

 

Sentýabrda geçirilmegi adata öwrülen dabarasy «iPhone» söýüjiler üçin aýratyn sowgat boldy. «Apple» kompaniýasy üç sany täze smartfonlaryny görkezdi. Olar: «iPhone XS», «iPhone XS Max» we «iPhone XR». 

Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyş dabarasynda, esasan, brendiň logiki ewolýusiýasyna agram berildi. Ekrany has ýagty, işjeňligi tiz, surata alýan pursadyndaky sesi has ýakymly bolan täze «iPhone» smartfonlary muşdaklaryny ýene çykdaja goýjaga çalym edýär.

Üstleýin ýerleşen iki kamerasy birbada surata alsa, «IP68» tozandan we çygdan goraýar, şeýle-de «ios 12» ulgamy, tiz we ýüpsüz zarýad beriji enjamy bar. Bahalary: «iPhone XS» 999$, «iPhone XS Max» 1099$. Bularyň satuwy 21-nji sentýabrda başlaýar.