• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Awtomobiller hakynda täsin maglumatlar

Häzirki wagtda awtomobilleriň bady kosmos tizligine çenli artdy. 1865-nji ýylda şu günki ulaglar köçelerde sagatda 3 kilometrden uly bolmadyk tizlik bilen hereket edipdirler. Tizligini sagatda 100 kilometrden artdyrmagy başaran ilkinji ulag elektrik energiýasy bilen hereket edipdir. Bu ýagdaý XIX asyryň ahyrlarynda bolup geçýär. Awtomobil bilen täsin syýahaty amerikaly jahankeşdeler Ç.Kreýton we G.Hargis amala aşyrdy. Olar ABŞ-nyň günbataryndan iň gündogar künjegine çenli aralygy ulagy yzlygyna sürüp geçdiler.

Finlýandiýada örän berk we talap edijilikli jerimelere köp duş gelinýär. Bu ýerde tölenmeli jerime seniň girdejiňe görä hasaplanýar. Eger ýol hereketiniň düzgünini bozan adam millioner bolsa, onda onuň ýüzlerçe müň ýewro töleýän wagty hem bolupdyr. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gorag kemerini dakynmadyk ýolagçylary halamaýarlar. Düzgüni bozujylar kimiň awtoulagynda oturan bolsalar, şolara-da, sürüjiniň özüne-de jerime ýazýarlar.