Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Apple ID-ny kredit kartsyz doretmegiň usuly


Apple ID barada siz öň birnäçe gezek eşidensiňiz, hem-de näme hakda gürrüň edilýändigi barada siz bilýänsiňiz.Ýa-da beýle dälmi? Onda häziriň özünde  eliňizi jübiňize salyň, eger ol ýerde iPhone (ýa-da iPad, iPod) bar bolsa,onda siz bu makalany  hökman soňuna çenli okamaly we edil şu ýerde ýazylşy ýaly etmeli.

Şeýlelikde, şu gün biz size Apple ID-ny hiç hili kredit kartsyz açmany aýdyp bereris.

Apple ID näme?

Apple ID-Bu Apple ekosistemanyň ähli serwislerini ulanmaga mümkinçilik berýän uçetnaya zapis.Aslynda Apple ID- bu siziň registrasuýa bolanyňyzda soralýan e-mail parol baglanmasy.Şeýle baglanmaňyz bar bolsa siz AppStore-da programmalary, iTunes-da media kontentleri satyn alyp bilersiňiz, Find my iPhone (meniň iPhone-my gözle) serwisyny ulanyp bilersiňiz, elektron poçtaňyzy, kontaklaryňyzy, suratlaryňyzy we şm maglumatlaryňyzy iCloud bulut hranilşesinde saklap bilersiňiz. Umuman aýdanymyzda siz öz iPhone –ňyz bilen nämäni ulanjak bolsaňyz hem, sizden Apple ID soralar, hatda AppleStore-dada.

Apple ID döretmegiň birnäçe usuly bar.Bu siziň eliňizdäki enjamyň görnüşine bagly. Bu makalada biz size Apple ID döretmegiň esasy iki ýoluny görkezeris:

IOS-enjamynda (iPhone , iOas we şm)

Kompýuterde gurnalan iTunes programmasy bilen (MAC ýa-da PC)

IOS-enjamynda

1-nji ädim AppStore programmasyny iPhone-da ýa-da aPad-da açýas aşakdaky menýu-da “ Топ-чарты” saýlaýarys. Ýokardaky wkladkada “Бесплатные” basýas. Siziň öňüňizde köp alynýan mugt programmalar açylar. Göwniňize ýaran islendik birini saýlaýaňyz we “Загрузить” düwmäni basýaňyz soňra bolsa “устоновить”. Edil şu hereketler siziň kartsyz Apple ID registrasiýa etmegiňizi ýardam berer.

2nji ädim: Öňüňizde çykan penjirede “Создать Apple ID ” (Create Apple ID) saýlamaly.

3-nji ädim: Страна или Регион. Россияны saýlaň (AppStore-da programmalaryň sanynyň köpdügi sebäpli Россия saýlamagy maslahat berýäris).

4-nji ädim: Условия Обслуживания Принять basýas

5-nji ädim: Новая учетная запись. Sahypany doly doldurmaly; e-mail, parol (azyndan 8 simwol bolmaly hem-de iň bolmanda I uly harp we I kiçi harp bolmaly), goşmaça howpsuzlyk soraglary, doglan senäňiz we şm.

6-njy ädim: Сведения об оплате (töleg barada maglumat). Ine şu ýerde köp adamlarda kynçylyk döreýär.Eger-de siz Apple ID-ni 1-nji ädimdäkiden tapawutly döretjek bolsaňyz siz bu ýerde “Нет” ýazgyly punkty görmersiňiz, hem-de size diňe 3 görnüşli kartlaryň punktlary görkeziler. Ýöne biz ilki başdan mugt programmany gurnamagy sargyt edenimiz üçin, bu ulgam bize Apple ID –ni kredit kartasyz döretmegi mümkinçiligini berýär.

“Нет” punkty saýlaýas (elbetde siz programmalary satyn almajak bolsanyz), siz kredit kartanyň maglumatyny girizmekden ýüz öwürseňizem, sizden Привествия, Фамилия, Имя, Адрес we şm ýaly maglumatlary girizmegi sorarlar. Siziň hakyky maglumatlaryňyzy girizmekden zorluk edip duran ýok, emma Адрес punktyna hakykata golaý maglumaty girizmeli bolarsyňyz (biz hakyky bar bolan adresi göz öňünde tutýas gol ol siziňki bolmasada).

7-nji ädim: Проверка учетной записи. Далее düwmäni basanyňyzdan soňra, Apple ID- registrasiýa ahyry soňuna ýetýär.Iň soňkysy, ýöne az kem WAJYP hereket, bu bolsa siziň e-mail-ňiziň tassyklanylmagy. Öz internet poçtaňyza geçiň we “Apple- Необходимо подвердить Apple ID” atly haty tapyň. Hatyň içinde “Подтвердить сейчас” ssylkany basyň.

GUTLAÝARYS! Indi siziň öz hususy Apple ID-ňiz bar, we siz ony AppStore, iTunes ýaly ulgamlarda ulanyp bilersiňiz.


Haladym 

 ()

Zip we Rar parolly arhiwleriñ goragly parolyny ayyrmak

579 1 23.06.2015

TÄZE TEHNOLOGIYA LORA ULGAMY HAS UZAK ARALYKDAN MAGLUMAT ALYŞYP-BERIŞMÄGE MÜMKINÇILIK DÖRETDI

1026 4 01.11.2016

Mobil enjamlardaky paýy artar

470 0 11.08.2015

Hytaýda inteneti döwrebaplaşdyrmak üçin 182 milliardlyk çykdajy ederler

566 0 08.06.2015

Apple ID-ny kredit kartsyz doretmegiň usuly

3936 25 12.06.2015

“Facebook” üçin “Unlike” düwmejigi taryhdaky uly ýalňyşlyk bolup biler

580 6 11.05.2016


yuzbasy
12-06-2015

Diñe öñe zehinli Berekella

coper
17-06-2015

Barlap gördüm hakykatdan hem işleýär. öň mende töleg kartlarynyň aşagyndaky HET ýazgy çykmaýardy. Sag bol makalaň üçin.

ezizhan
2017-04-02 17:00:41

Bah gör nireden cykdy taze acjak bolyp bir günimi sarp edepdim. indi hemme zat düsnikli köp sag bolyñ




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!