Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


“Adaty” meseläniň adaty däl çözülişi (taryhy degişme)


Taryhda şeýle hakykada ýakyn rowaýat bar. Belki hemme zat beýle-de bolan däldir, belki bu timarlanan toslamadyr...

Bu waka beýik fizik Ernest Rezerfordyň sözlerinden alnan. Waka Kopengagen uniwersitetiniň bir talyby bilen bolup geçen. Şol wagtlar bu talyp hiç kime nämälim ýönekeý oglanjyk bolupdyr. 

Rezerfordyň işdeşleri alyma şol talyby we birnäçe beýleki talyplary synagyň soragyny bilmändikleri we özlerini aklaýandyklary üçin paş ekmekligi haýyş edipdirler. Sorag şeýle görnüşde bolupdyr: “Düşündiriň, barometr (barometr – atmosfera basyşyny ölçeýän abzal) bilen nädip uzyn binanyň beýikligini ölçäp bolar”. Fizikany bilýän islendik adam bu soragyň jogabyny arkaýynlyk bilen aýdar. Ýagny, ilki bilen binanyň aşagyndaky atmosfera basyşyny barometr bilen ölçemeli, soňam binanyň ýokarsyndaky atmosfera basyşyny ölçemeli. Alynan maglumatlar boýunça barometrik formulany ulanyp, binanyň beýikligini tapyp bolar....Şeýledämi näme?

Bu ýerde p – binanyň ýokarsyndaky basyş, p0 – binanyň düýbündäki basyş, М -  howwanyň molýar massasy, g – erkin gaçmanyň tizlenmesi, h-h0 – binanyň ýokarsy bilen aşagyndaky beýikleriň tapawudy, R – uniwersal gaz hemişeligi, Т – howwanyň temperaturasy.

Hemme zat gaty ýönekeý, emma, talybyň jogaby şeýle bolupdyr: “Ilki bilen binanyň ýokarsyna barometr bilen çykýas, baromerti ýüpe daňyp, binanyň düýbüne çenli sallaýas. Ýüpüň uzynlygyny ölçeýäs. Ine, şeýdibem, binanyň uzynlygyny takyk ölçeýäs J”. Bir tarapdan bu jogap dogry, ýöne synag fizika dersindendi, soňam bu jogabyň fizika bilen baglanşykly ýeri gaty azdy.

Rezerford talyba ýene bir mümkinçilik bermegi karar edýär. Ol talyba alty minut wagt berip, täzeden pikirlenmegi we jogapda fizikanyň kanunlaryny göresi gelýändigini aýdýar. Ýöne, oňa garamazdan, bäş minutlap talybyň listi arassaja durýar. Talyp kellesinde birnäçe pikirleriň bardygyny we olaryň içinden iň gowularyny saýlajakdygyny aýdýar.

Jogaplaryň biri şeýle görnüşde bolupdyr: “barometr bilen binaň ýokarsyna galmaly we barometri aşak zyňmaly. Ýere düşme wagtyny hasaplamaly. Soň biz  h = gt2/2 formula arkaly binanyň beýikligini kesgitläp bileris”. Bu-da gyzykly jogap, hem dogry, fizikanyň kanunlary hem ulanyldy, ýöne garaşylýan jogap däl. 
Ýöne talyp bu jogap bilen çäklenmändir. Ine, ýe-de bir beren jogaby: “Güneşli gün daşary çykyp barometriň beýikligini ölçemeli, soňam barometriň we binanyň kölegesiniň uzynlygyny ölçäp, ýönekeýje proporsiýa arkaly binanyň beýikligini hasaplap bolar”.
Üçünji jogap şeýle görnüşde bolupdyr: “Size ýarajak iň ýönekeý usuly hem bar. Siz barometri eliňize alýaňyz, merdiwan bilen bina dyrmaşýaňyz we barometriň uzynlygy ölçegde diwara bellik etýäňiz. Soň, bellikleri sanap we alan sanyňyzy barometriň uzynlygyna köpeldip binanyň beýikligini takyk hasaplaýaňyz. Diýseň aýdyň usul.”
Ýene birnäçe jogaplar bolupdyr. Içinde has gyzyklylarynyň biri:

“Eliňize barometri alyň we binanyň dolandyryjysynyň ýanyna baryň we oňa aýdyň: “Jenap dolandyryjy, mende ajaýyp barometr bar. Eger siz şu binanyň uzynlygyny aýtsaňyz, ol siziňki”.

Onda, Rezerford talypdan sorapdyr, çyndanam ol soragyň umumy kabul edilen jogabyny bilenokmyka? Talyp soragyň jogabyny bilýändigini we okuwçylary özleri ýaly pikir etmäge mejbur etýän mugallymly mekdepden we kolležden doýandygyny aýdypdyr.

Bu üýtgeşik talyp “atomyň gurluşyny öwrenendigi üçin” nobel baýragynyň eýesi, fizikanyň görnükli alymy Nils Bor! 

Gadyrdan dostlar, özüňizçe, indiwidual pikir ediň!!!

Üns bereniňiz üçin sag boluň!


Haladym 

 ()

TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1809 1 23.07.2015

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY Daňatar ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

353 1 17.07.2017

Alymlar öz formasyny üýtgedýän akylly material döretdiler

1111 2 07.07.2016

MARYNYŇ Ý.HUMMAÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

788 1 20.07.2015

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi

12 0 13.07.2018

TÜRKMEN ОBА HOJALYK INSTITUTY

1973 0 15.07.2015


Shooter
13-06-2015

hehehehehehe

lakamyok
18-06-2015

Oran gyzykly jogaplary beripdiray




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!