Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Aýfonda ringtony nädip döretmeli we gurnamaly


Aýfony ulanmak göräýmäne aňsat ýaly we AppStore-da gollanma kän ýaly, ýöne sazlara ýa-da öz ringtonyňy gurnamaga gezek gelende welin, näme edmelidini we nirä ýerleşdirmelidigini bilmeýäris. Bu adamlaryň hiçzat  bilenoklygyny aňladanok, ýöne Apple özüňçe düşünen bolmakdan oba göçdi we indi biz onuň düzgüni boýunça “ýaşamany öwrenmeli”. Bu  sapakda men size Aýfonda ringtony nädip döretmeli we gurnamalydygyny aýdyň görkezerin.

Internetde  Aýfonyň üçin taýyn ringtonly saýtlardan doly. Şulukda tölegsiz ýa-da tölegili (uly möçberde däl hem bolsa) gabat gelýär. Rington üçin tölemegi size düýbünden maslahat beremok. Biz siziň bilen islenik mp3 aýdymdan ringtony öz güýjümiz bilen döredip bileris. Muny etmek şele ýönekeý, hatda size aýratyn türgünleşmek gerek bolmaz.

Men size ringtony döretmegiň birnäçe usulyny hödürleýärin. Bu gün biz meseläniň çözüwiniň üç sany has ähtimally ýollaryna serederis.

  1. iTunis
  2. ON-LINE serwis mp3cut.ru
  3. iOS gollanma

 

Ringtony iTunisiň kömegi bilen döretmek.

Dogrusyny aýtsak iTunisi halaýan adamlar azdyr, ony özleşdirenler bolsa ondanam azdyr. Ýöne onsuz bolanok we Aýfon üçin rigntony döretmegiň  ilkinji usulynda şondan kömek alynýar.

Bu usulyň gowy tarapy bize internete girmek gerek bolmaz. Bu bolsa hiç hili gollnama internetden yüklemek gerek bolmaz. Kiçijek maslahat: siziň kampýuterňizde potensial rington üçin sazly mp3 faýl bolmagy mümkin we iTunis progrmma gurnalan bolmaly.

Ädim 1.   iTunisde mp3 faýl açýarys -  öz garaýşyňyz boýunça birzatlar saýlaň. Ýatdan çykarmaň, siz bu rington bilen ýaşamalydygyňyzy we hernäçe awtobusda telefonyňyza jaň gelip çym gyzyl bolsaňyzda.

Ädim 2. Halan bölegiňizi saýlaň – aýdymy diňläň we rington üçin haýsy böleginiň gerekdigini anyklaň. Bu ýerde ýekeje şert bar – 40 sekunda çenli çäklendirjek boluň, sebäbi 40 sekuntdan uly bolsa Aýfon kesýär we täzeden başlatýar. Haýsy sekuntda başlaýanlygyny we ahyryny ýatda saklaň.

Ädim 3. Rintonyň başyny we soňuny görkezýäris – syçanjygyň sag düwmesi bilen trekiň üstüne basyň we menýunyň kontekstyndaky maglumaty “Сведения” saýlaň. “Параметры” sahypasyna basyň, ringtonyň başlangyç we ahyrky wagtyny ýazyň degişlilikde «начало» we «стоп», hersiniň garşysynda bellik goýanmyzdan soň OK basyp tassyklaýarys.

Ädim 4. Ringtonyň AAC wersiýasyny döretýäris – indi syçanjygyň sag düwmesini sazymyzyň üstüne baryp basýarys we meýunyň konteksinden “Создать версию в формате ACC” saýlaýarys. iTunesiň mediatekde 30 sekuntlyk kesilen ringtonyň ACC wersiýasy peýda bolar.

Ädim 5. Faýly kopýalaýarys we metiatekden ony pozýarys -  ringtonyň ACC wersiýasy iTunesden iş stola geçiriň. iTunesiň mediatekindäki ACC wersiýa syçanjygy eltip sag düwmäni basmaly  we “Удалить” basmaly. Peýda bolan penjirede pozulandygyny tassyklaň.

Ädim 6. Giňelmesini ýütgetýäris – kopýalan faýlňyzyň üstüne baryň , onuň adyna basyň we m4a-dan m4r-e giňelmesini ýütgediň. Peýda bolan penjirede giňelmesiniň ýütgändigini tassyklaň. Eger siz Windows ulanýan bolsaňyz we faýlyň giňelmesini görmeýän bolsaňyz, onda “Панели Управления > Оформление и Персонализация > Свойства Папки > Вкладка Вид” girýärsiňiz we «Скрывать расширения для зарегистрированных типов файлов» ýazgydaky belligi (галочкaны) aýyrýarsyňyz. Bar bolny! Biz indi Aýfonda rington döretdik!

Ädim 7. Aýfonda ringtony gurnamak – desktopdaky rignton m4r iki sapar basýarys, iTunis açylar we mediatekede ringtonyň sazy peýda bolar. Indi ýöne ringtony öz gurluşyňyza geçiräýmek galýar.

Indi ringtony Aýfonyň Gurluşyndaky Saz munýusynda saýlamak bolar.

 

On-line serwis

Indi bolsa Aýfon üçin ringtony döretmegiň iň ýönekeý usulyna seredeliň.  Bu mp3cut.ru atly onlaýn kompaniýasy.  Nirä näme ýerleşdirmelidiginiň gysgajyk meýilnamasyna seredeliň.

Ädim 1. mp3cut.ru saýtyna  gireliň – “Открыть файл”  düwmesine basalyň. mp3 faýly saýlalyň.

Ädim 2. Ringtonyň başyny we ahyryny görkezýäris  -  Polzuni geçirip kompozisýanyň gerekli bölegini saýlalyň.

Ädim 3. Ringtony konwertirleýäris we ýükleýäris – “Рингтон для iPhone”  düwmesine basalyň,  soňra  “Обрезать”-da. Siziň ringtonyňyz  peýda bolýar we konwertirlenýär. Indiki sahypadaky  “Скачать”-da basýarys.

Eger-de siz nädip ýüklemegi ýatdan çykaran bolsaňyz, geçen bölegimizdäki Ädim7-ä  serediň.

Goşmaça iOS gollanmasy.

  • AppStore”-da m4r formatda ringtony döretmek köp mukdarda iOS gollanmsy bar. Men bulary iki katrgoriýa bölýärin: birinji – siziň trekiňiz üçin kesik, ikinjisi – taýyn ringtony ýüklemek üçin. Haýsam bolsa  birini bellemek kyn, ýöne Aýfon iOS 8 üçin ringtony barlap görse bolar. Bu gollanmada öz ringtonyňy kessede bolar we kesekiniň ringtonyny ýüklesede.

Iki görnüş hem telefonyň ýadynda ringtony saklaýar, ýöne ol Gurluşdaky Saz minýusyna elýeterli bolmaz. Aýfondaky ýüklenip/döredilen ringtony işletmek üçin hökamny “бубном”-da we iTunisde üýtgetme geçirmeli bolar:

Ädim 1.  iTunis-ni işletýäris we Aýfona birikdirýäris.

Ädim 2. iTunisdäki öz gurluşymyza basýarys, soňra goşmaça “Программы” sahypany saýlaýarys.

Ädim 3. “Общие файлыaşak aýlaýarys we ringtony döretmek üçin ulylýan gollamany saýlaýarys.

Ädim 4Penjiräniň birinji böleginde ringtony saýlaýarys we «Сохранить в…» basýarys. Ringtony iş stolynda ýa-da başga papkada ýatda saklaň.

Ädim 5. Indi siziň kompýuterňizde m4r formardaky rington peýda bolandyr. Muny näme edmelidigi barada  ýökarda we aşakda ýazylandyr, üns belip okaň.

Aýfona ringtony nädip gurnamaly.

Siz ringtony döretmeseňiz hem siziň kompýuterňizde giňeldilen m4r fayl peýda bolmaly. Sizde “muny näme etmeli?” diýen  sorag ýüze çyksa gerek. Aýfonda ringtony goýmak üçin siz aşakdaky iki ädimi ýerine ýetiriň:

 Ädim 1. “Finder/Проводнике”-däki m4r faýla iki sapar basyň. iTunes programmasy açylar we mediatekede sazda siziň ringtonyňyz peýda bolar.

Ädim 2. Indi ýöne bu ringtony öz Gurluşyňyza geçiriň.

Ädim 3. Aýfonyň menýusyndaky “Настройки > Звуки > Рингтон ” girýäris we täze ringtony saýlaýarys (ol spisogyň iň ýokarsynda bolar).

 


Haladym 

 ()

PEÝDALY MASLAHAT №3

846 1 22.06.2015

SMS-lere kompýuterden jogap berip bolarmyka? Bu hakykat!

633 1 16.06.2015

Ýaponlar Amerikanlary robotlaryň dueline çagyrdylar

589 2 07.07.2015

Täze önümçilik desgasyny gurar

578 1 30.07.2015

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №6

647 1 24.06.2015

GELJEGIŇ 5 SANY IŇ GOWY TELEFONLARY

910 5 22.04.2016


Mergen
30-06-2015

sag boluň peýdaly maslahatyňyza




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!