Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №2


Kewin Mitnik

Nokia we Motorola ýaly uly kompaniýalaryň torlaryny döwen ilkinji adam

90-njy ýyllaryň başynda Mitnik ABŞ-da kiberjenaýatçylaryň arasynda iň gözlenýänleriň biri bolan. Hat-da, onuň ady kompýuter döwüjilikde simwol höküminde bolupdyr.

Mitnik – “sosial inžineriýa” ady bilen belli bolan usuly ilkin ulanyp başlanlaryň biri, ýagny ol dürli-dürli IT kompaniýalaryň adyndan tehniki kömekçisi bolup çykyş edip, hiç zatdan habry ýok ulanyjylaryň goragly kompýuterleriniň parollaryny alypdyr. Mundan başga-da ol, 12 ýyllap dünýäniň ähli künjegine mugt jaň edip bilmekligi gazanypdyr.

Mitnik “Digital Equipment Corporation” kompaniýasynyň kompýuter toruny we olardaky programmalary ogurlandan soň ýörite gulluklaryň ünsüni özüne çekipdir. soňra ol, Nokia we Motorola ýaly mobil telefonlaryny öndürýän kompaniýalaryň goragly toruna girmekligi başarypdyr.

1995-njy ýylda – iki ýyl yzarlananyndan soň tussag edilipdir. Mitnik tutulandan soň: kompýuter goragy boýunça ady belli hünärmen Sutomu Simomurynyň şahsy kompýuterini döwüp, onda göwüne degijilik ses ýazgysyny goýupdyr.

Tussag edilenden soň, Mitnige birnäçe ýyllap kompýuter ulanmaklygy gadagan edildi. Şz eden etmişleri üçin 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Tussaglykdan boşanyndan soň, Mitnik kompýuter torlarynyň goragy bilen baglanyşykly meseleler bilen işläp başlaýar, hatda, Defensive Thinking Inc.atly öz hususy kompaniýasyny hem açýar, ol bolsa ABŞ-da kompýuter howpsuzlygy boýunça konsultant höküminde çykyş edip, meşhurlyga eýe bolýar. soňra Mitnik hakerler dünýäsi hakynda birnäçe kitaplar hem ýazýar.

Makalamyzyň indiki sanynda beýleki hakerler bilen tanyşdyryp durarys.

Bu barada öz pikirleriňizi teswirlerde görkezip bilersiňiz.


Haladym 

 ()

Täze iň kiçi smartfon

651 1 28.04.2016

Bluestack – android operasion ulgamy Siziň kompýuteriňizde

729 22 13.05.2016

“Bat” atly syçanjyk

587 3 29.04.2016

Kompýuterleri we telefonlary bejermek üçin abzallar

1035 2 26.05.2016

CES-2018 sergisinde akylly Wi-Fiber görkezilişe çykaryldy

387 11 12.01.2018

Google kompaniýasynyň Google Pixel we Pixel XL enjamlarynyň bahasy

953 6 06.10.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!