Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Olimpiýadaça gollanma №1


Mekdep olimpiýadasy – dartgynly ýagdaýlarda beýnini türgenleşdirmek üçin mynasyp çäre. Gysga wagtda adamyň intellektual güýjüni kesgitleýän mümkinçiligi başga ýerlerden tapmasak gerek.

Oňa garamazdan olimpiýadada gorkuly zat ýok. Eger siz olimpiýadalaryň nähili şertlerde geçýändigni bilseňiz, siz arkaýyn bäsleşige taýynlanyp bilersiňiz.

Aşakdaky maslahatlar tehniki derslerden geçirilýän olimpiýadalara degişlidir: matematika, fizika, himiýa. Eger size türkmen dili ýa-da geografiýadan olimpiýada garaşýan bolsa, bu maslahatlaryň kömegi degmezligi ahmal.

Olimpiýada çenli birnäçe aý                                       

Eger siziň mekdebiňizde bar bolsa, goşmaça taýynlyk sapaklaryna gatnap başlaň. Wagtyňyzyň esasy bölegini taýynlaýan mugallymyňyz bilen geçiriň.

Ýöne siz ýörüteleşdirilen taýynlyk sapaklary bilen çäklenmeli dälsiňiz, özbaşdak taýynlyk hem örän wajypdyr. Göreldeli okuwçylar üçin niýetlenen edebiýatlary okamaga synanşyň (siz göreldeli okuwçy ahyry, şeýledälmi?). Dogry kitap saýlamakda size mugallymyňyz anyk görkezme berip biler.

Olimpiýada meseleleriniň ýygyndylaryny toplap, olary çözmäge synanyşmak peýdaly bolup biler.

Ýakymly (kompýuteriň başynda oturmak) bilen peýdaly (olimpiýada taýynlanmak) hereketleri birleşdirmäge çalyşyň, olimpiýada meselelerini özünde saklaýan web sahypalaryny tapjak boluň.

Olimpiýada çenli birnäçe hepde

Adatça meseleleriň temalary mekdep maksatnamasy bilen meňzeş bolaýar. Öz synpyňyz üçin niýetlenen okuw maksatnamaňyzy mugallymyňyzdan alyň. Mümkin boldugyndan, hödürlenen materiýallaryň hemmesini bilmegiňiz gerek. Eger gowşak ýerleriňiz bar bolsa, şu wagt edil diýilýän wagty. Jikme-jik öwreniň. Kä wagtlar meseleler geçilmedik temalardan hem bolýar. Şonuň üçin biraz öňe gidip, indiki geçilmeli temalary özleşdirseňiz zyýan etmezdi. Ýöne has öňe gitmek gerek däl.

Ondan daşary, beriljek meseleleriň kynlyk derejesi bilen tanyş boluň. Mugallymyňyzdan ýa-da ýokary synpda okaýan olimpiýadaçylardan geçen ýylyň soraglaryny alyň we çözjek boluň.

Käbir meseleler kyn bolup biler, ýagny siz meseläniň haýsy tarapyndan barjagyňyzy bilmersiňiz. Şonuň üçin mesele çözmekde ulanypýan her dürli standart we adaty däl metodlary öwreniň, olar size hökman gerekli bolar. Käbir meseleler gaty ýönekeý bolup, jogap üçin çylşyrymly hasaplamalary geçirmegi talap edip biler. Şeýle ýadgaýlara öňünden taýynlanmak üçin wagt bölüp aýyrmagy unutmaň.

Olimpiýada çenli birnäçe gün

Birnäçe günde bir ýyla niýetlenen materiýallary özleşdirip bolmajagy belli zat. Ýöne, şonda-da, ýetmezleriňizi doldurmaga ýetişersiňiz.

Garalama üçin kagyz, ruçka, galamlary taýynlaň. Matematikadan olimpiýada üçin çyzgy gurallary alyň. Kalkulýator ulanmaga rugsat bermezler. Asyl ulanmak zerurlygam ýüze çykanok.

Fizikadan olimpiýada üçin kalkulýator alyň. Haçan-da, siz soňky formulada san bahalaryny goýup, hasaplamaly bolanyňyzda, wagtyňyzy gowy tygşytlar we arifmetik ýalňyşlyklardan gaçmaga ýardam berer. Himiýadan olimpiýadada kalkulýatordanyň ýany bilen Mendeleýiwiň tablisasyny alyň.

Olimpiýada başlady

Ilki bilen ähli meseleleri okamaly we gowy düşünmeli. Eger siz meseläniň şertine gowy düşünmeseňiz, çekinmäňde soraň we gowy düşüniň. Birinjiden, bäsleşigi gurnaýjylar meseläniň şerti boýunça sorag bermäne mümkinçilik berýärler. Ikinjiden, siziň bäsdeşleriňiz hem gol gowşuryp oturmazlar we sorag bererler.

Kä wagt meseläniň berlişi doly görkezilmedik bolýar. Meselem, meseläniň şertinde brusogy 30 gradus ýapgyt tekizlik boýunça çekýän bolsunlar, meseläniň çyzgysam ýok bolsun. Şeýle ýagdaýda anyklamak gerek bolýar: brusogy aşak çekýärlermi ýa-da ýokaryk. Çyzgysyny çyzyň we “Guramaçynyň görkezmesi boýunça, brusok ýokaryk hereket edýär” diýip, ýazyň.

Eger gurmaçynyň olimpiýadanyň dersinden bilmeýändigini we ynamsyz jogap berýändigini bilseňiz, barlag komissiýasyndan soramagyny haýyş ediň.

Iň ýönekeý meseleden başlamak gerek. Eger siz birden kyn meseleden başlasaňyz, siz wagt ýitirersiňiz.   Bäsdeşleriňiz bolsa, beýleki birnäçe ýeňil meseleleri çözerler. Aslynda, kynçylyk - göräli zat. Özüňiziň ýeňil hasaplaýan meseleleriňizi ilki çözüň.
Eger haýsydyr bir mesele çözmek başartmasa, iň gowusy oňa wagt ýitirmezlik we başga birine geçmeklik we soňundan dolanmak. Belki, başga meselä geçeniňizde, siziň beýniňiz aň asty ýagdaýda “çözülmeýän” meseläniň usulyny tapar wink.

(Dowamy indiki makalada bolar)


Haladym 

 ()

Excelde tablisanyň sütünini gizlemek we görkezmek

770 2 17.06.2015

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

1228 2 14.07.2015

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

361 1 17.07.2017

GURBANSOLTAN EJE ADYNDAKY DAŞOGUZ LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

369 1 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIYET INSTITUTY

5649 23 15.07.2015

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

13591 54 14.07.2015


Mergen
20-06-2015

örrän peýdaly maslahatlar, dogamyny sabyrsyzlyk bilen garaşýan

sapa
20-06-2015

ýaşlara gowy makala bolar

kayum
2016-05-26 10:53:07

Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!