Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Gara Girdap – bu başga Älemlere geçelge


Gara Girdap ýa-da başga ölçege geçelge. Biziň Älem-Jahanymyz syrlardan we çözülmedik meselelerden doly we Gara Girdap – bu käbir esasy syrly obýektleriniň biri. Şu wagta çenli bu obýekte geçirilen gözegçilikler alymlara käbir mukdarada olar barada maglumat berdi. Bu maglumaty ulanyp, alymlar gara Girdaba has meňzeş matematiki modelini aldylar we soňky barlaglarynyň netijesinde älemiň başgada obýetleriniň bardygyny görkezdi - gara Girdaba gapma garşylykly. Bu modeliň görkezşine görä gara Girdabyň gapma garşylygy “Ak” Girdap  diýip atlandyrylýar.  Ak  Girdaba indiki makalamyzda giňişleýin serederis.

Gara Girdap – dürli Älemleriň arasyndaky geçelge we bu älemleriň her biriniň öz ýyldyzlary, galaktikalary we planetalary bar.  Gara Girdabyň başga bir konsepsiýasyna görä – muňa düşen her bir obýekt  hemişelik ýitýär, ýöne Älemleriň arasyndaky “gapy” atly teoriýada Girdaba tarap we garşylykly tarapa bolan herekete seredilýär. Soloduhiniň we Damuruň aýtmagyna görä, ýagny Älem “gapysynyň” dürli funksiýalary bolmagy mümkin: olaryň biri dürli Älemleri birikdiýan bolsa, beýlekisi öz gelen dünýäsine obýektleri zyňýar, üçünjisi bolsa – ownujak bölejiklere dargatýar. Gara Girdap – bu gurşap alýan materiýany ýuwudýan we näbelli bir ýerik ugradýan wagtyň-giňişliginiň käbir partlamasydyr. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä biziň Älemmizde garşylykly-gara Girdap hem bar, ýagny biziň Älem giňişligimize materiýalary zyňýan.

Gara Girdapda başga siwilizasiýa ýerleşýär diýip RAN Akademiýasy tassyklaýar. Gara Girabyň içinde ýaşýyş bolmagy mümkin, şeýle hem ýokary siwilizasiýaly görnüş, ýagny näbelli sebäplere görä öz ýerleşýän ýerlerini gizleýän diýip, Moskwanyň ýadro inistitudynyň RAN derňewçisi Wýaçeslaw Dokuçaýew şeýle belleýär.

Alymlaryň çaklamasyn görä, ösen düşünjeli gelmişekler üçin gara Girdap ýerleşýän ýerini görkezmeýän iň gowy gaçybatalga bolup biler. Bu teoriýany subut etmek edil häzirki wagtda mümkin däl . Eger-de mümkin bolanda-da, geljekde adamzat gara Girdabyň içine ekspedisiýsa gitseler hem – giden topar üçin birtaraplaýyn bilet , gitse-gelmeze gitdikleri bolar.


Haladym 

 ()

MARYNYŇ ÝOLAMAN HUMMAÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

355 0 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

7 0 14.07.2018

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERS1TETI

1657 1 15.07.2015

MARYNYŇ HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

687 2 17.07.2017

Geljekde kosmos giňişligindäki peýdaly gaty gazma baýlyklar özleşdirilip başlanylar

1341 2 31.07.2015

NASA astranomiýany düýpgöter üýtgeden Hubble-niň suratyny köpçülige görkezdi

871 4 04.10.2016


Shooter
20-06-2015

gyzykly hemem Gozkunç ekeni :))

Mergen
20-06-2015

gara girdap materiýany nokada öwürip ýok edýärminkä öýtýärdim, a bu bolsa düýbünden başga zat eken




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!