Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Halkara kosmos bekedine bardy


Halkara kosmos bekedine tehniki enjamlar bilen bilelikde azyk önümleri ugradyldy. Gazagystanyň Baýkanur kosmodromyndan 3 – nji iýulda uçurylan “Progres M -28 M” raketasy 5 – nji iýulda awtomatik usulda Halkara kosmos bekedine birikdi. Ol bu ýerdäki kosmonawtlar üçin 2.4 tonna azyk önümli, kislorod, ýangyç we ylmy barlaglar üçin enjamlar alyp gitdi. Russiýanyň aprel aýynda uçuran raketalary tehniki kemçilikler zerarlu bu ýere baryp bilmändi. “Progress” raketasy mundan ozal fewral aýynda kosmos giňişligine ýük äkidipdi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň saglygy goraýyş we biologiýa bölüminiň ylmy işgäri  Aleksandr Agureýew soňky gezek ugradylan ýüküň arasynda azyk harytlaryň  has köpdügüni habar berdi. Olaryň arasynda konserw et, balyk, täze alma, pomidor,sogan we sarymsak ýaly azyk önümleriniň bardygy habar berildi.

Häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde russiýaly Gennadiý Padalka, Mihail Korniýenko hem – de amerikaly Skott Kelli dagy bar. Olar kosmosda bir ýyldan gowrak wagt bolup, ylmy işlere gatnaşarlar.

 

Agza: Graf tarapyndan


Haladym 

 ()

iOS 9- üçin iň esasy täzelikler!

543 1 20.07.2015

Bmw – niň gymmat ulagy

560 2 29.07.2015

Visa özüniň töleg sistemasynyň goraglylygyna barmak yzlaryny goşmakçy bolýar

307 5 23.01.2018

Gün energiýasynda işleýän täze uçar

2085 9 27.12.2016

Hakerler RF-nyň sberbankyna hüjüm etdiler

689 2 21.08.2015

HoloFlex – dünýäde ilkinji äýneksiz görülýän 3D ölçegli maýyşgak smartfon

682 7 11.05.2016


miSS
2015-07-15 08:24:33

Wow! Ol yerde wagt yerdakiden hayal gecyara diyyaler)))




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!