Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY


2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Maliýe işi we karzlar (hünärler: maliýe; pul dolanyşygy we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we maliýe; ätiýaçlandyryş işi; birža işi).

   2. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: buhgalter hasaby we audit).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11 -i we 13-i günleri Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersier boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

-maliýe hünärleri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112

tel.: 49-61-99, 49-64-47

 


Haladym 

 ()

Olimpiýadaça gollanma №1

14408 92 20.06.2015

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

383 1 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET NEŞIRÝAT GULLUGYNYŇ NEŞIRÝAT-ÇAPHANA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

6 0 14.07.2018

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BAÝRAMALY AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

399 1 17.07.2017

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY MARY LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

391 2 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK BARADAKY DÖWLET KOMITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

9 0 16.07.2018





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!