Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY


2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Halkara gatnaşyklary we halkara hukugy (hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

2. Menejment (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

3. Dil we edebiýat (hünär: halkara žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:                   

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminannanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resmina- malar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 3-i we 7-si günleri

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 3-i we 7-si günleri

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 4-i we 8-i günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 5-i we 9-y günleri

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 5-i we 9-y günleri

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-si, 6-sy we 10-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri — matematika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

shalkara žurnalistikay hünäri — türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25; tel.: 22-68-50.


Haladym 

 ()

MARYNYŇ H. DERYAYEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBl

3322 8 20.07.2015

AŞGABAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

362 0 17.07.2017

AŞGABAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

7 0 13.07.2018

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

471 1 13.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

1386 3 13.07.2017

Excelde tablisanyň sütünini gizlemek we görkezmek

782 2 17.06.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!