Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMEN ОBА HOJALYK INSTITUTY


2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri)

boýuhça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1.  Agronomçylyk (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa (oba hojalygynyň ekologiýasy); agrohimiýa we topragy öwreniş).

2. Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy (hünär: weterinar lukmançylygy)

3. Gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy (hünärler: mirapçylyk (gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy); oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; gidromeliorasiýa (suw gorlary we dolandyrmak), tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy).

4. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: oba hojalygynyň ykdysadyýeti).

5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit).

6. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Marywelaýaty — iýul aýynyň 31-i- awgust aýynyň 1-i, 4-5-i we 8-i günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-7-si we 9-y günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýy- nyň 10-11-i, 12-13-i we 14-i günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Agronomçylyk; maldarçylyk we weterinar lukmançylygy ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy; kompýuter tehnologiýasy ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; ykdysadyýet we hojalyk hukugy ugurlary — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde belle­nilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

 

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94; tel.: 5-31-60, 5-22-49, 5-34-51, 5-57-02.


Haladym 

 ()

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

1151 7 13.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYYET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

9197 11 14.07.2015

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

14 0 14.07.2018

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

473 3 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

565 6 13.07.2017

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

8 0 13.07.2018





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!