Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMEN DÖWLET NEŞIRYAT GULLUGYNYŇ NEŞIRYAT-ÇAPHANA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Neşir işi.

2. Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy.

3. Poligrafiki maşynlaryna we enjamlaryna hyzmat etmek we olary abatlamak.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (saglyk barlagy Aşgabat şäherindäki fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada geçirilýär, dalaşgärler öz ýaşaýan ýerine degişli bolan neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama alyp gelmeli);

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde aity sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýun- ça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukuk- dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamala- ry görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; poligrafiki maşynlaryna we enjamlaryna hyzmat etmek we olary abatlamak hünärleri - fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

neşir işi hünäri - türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 20-nji jaýy. tel.: 22-70-35, 22-33-89.


Haladym 

 ()

Gara Girdap – bu başga Älemlere geçelge

1833 2 20.06.2015

BALKAN LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

352 0 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ we DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

736 17 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

14 0 14.07.2018

AŞGABADYŇ A.KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

3730 5 20.07.2015

“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI

472 0 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!