Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


DAŞOGZUŇ M.GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Türkmen milli saz gurallary.

2. Kirişli saz gurallary.

3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

4. Aýdym (wokal).

5. Saz mugallymçylygy.

6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

7. Fortepiano.

8. Nakgaşçylyk.

9. Hor dirižýorlygy.

10. Halk saz gurallary.

11. Halk tansy.

Ýörite sungat mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň aýdym (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

- 2 sany galamda, 2 sany reňkde 2 sany eser (kompozisiýa) işleri (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde (Daşoguz ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri - hünäri boýunça, forte­piano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halk tansy, aýdym (wokal) hünärleri - hünäri boýunça.iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

nakgaşçylyk hünäri - galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärleri - hünäri boýunça, solfedžio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

 

Daşogzuň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň salgysy:

Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 28a; tel.: 7-49-65, 7-49-46.


Haladym 

 ()

AŞGABADYŇ A.KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

3730 5 20.07.2015

MARYNYŇ Ý.HUMMAÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

776 1 20.07.2015

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY MARY LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

390 2 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

9 0 14.07.2018

SEÝITNAZAR SEYDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

3968 7 14.07.2015

MARYNYŇ HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

687 2 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!